Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.

Çärä Astrahan oblastynyň gubernatory A.Žilkin, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary G.Karasin hem-de Russiýa Federasiýasynyň bilim we ylym ministriniň orunbasary P.Zenkowiç, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Astrahan sebit bölüminiň we oblast dumasynyň wekilleri, şeýle hem wise-premýer, ýurdumyzyň daşary işler ministri R. Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti gatnaşdy. Dabara köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar, Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem geldiler.

Astrahan oblastynyň gubernatory myhmanlara we dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, täze mekdebiň bilim bermegiň hem-de ýaşlary ruhy-ahlak taýdan ösdürmegiň häzirki zaman merkezine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Beýik türkmen nusgawy şahyrynyň ady dakylan mekdep bilen birlikde, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy hem boldy. Ýadygärlik binasyny ajaýyp söz ussadynyň öçmez-ýitmez setirleri bezedi. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, Magtymguly Pyragy Asrtahan toparynda ençeme gezek bolupdyr we hut şu ýerde birnäçe ýüz ýyl mundan ozal şahyryň türkmen dilindäki eserleriniň ilkinji ýygyndysy neşir edilipdir.

2009-njy ýyldan bäri Astrahanda meşhur şahyryň we akyldaryň ýadygärliginiň durandygyny belläp geçmek gerek. Onuň döredijilik mirasy dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonda Pyragynyň Watanynda taýýarlanylan ýadygärlik bu şäheriň 450 ýyllygy mynasybetli Astrahana sowgat berildi hem-de şäheriň merkezinde, Astrahan döwlet uniwersitetiniň ajaýyp seýilgähinde oturdyldy.

Magtymgulynyň goşgulary häzirki dabaranyň barşynda hem ýaňlanyp, täze mekdebiň özi ýaly, türkmen we rus halklarynyň pugta dostlugynyň nyşanyna öwrüldi. Ýaş nesillere ajaýyp sowgat üçin parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek syýasatyny işjeň alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna örän köp mähirli, tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny täzeden dikeltmek, gorap saklamak we ösdürmek, ony giňden wagyz etmek, daşary ýurtlarda watandaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ýadawsyz işlerine haýran galýandyklaryny beýan etdiler.

Çeper döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabarany bezedi. Olar türkmen aýdym-sazlaryny we tanslaryny ýerine ýetirdiler.

Täze mekdep üçin ýer tötänleýin saýlanmady. Funtowo obasynda Astrahan sebitinde iň köp türkmen kowçumlary ýaşaýar. Mekdebiň binasy 3,5 müň inedördül metrden gowrak bolan umumy meýdany tutup, 190 okuwça niýetlenen iki gatly okuw toplumydyr.

Iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan giň, oňaýly, ýagty otaglar okuwçylara garaşýar. Olarda mugallymyň awtomatlaşdyrylan iş orny gurnaldy, interaktiw tagtalar hem-de sanly proýektorlar oturdyldy.

Mekdepde kompýuter otagy, fizika, himiýa, biologiýa we taryh, barlaghana otaglary, terbiýeçi-psihologyň we logopediň otaglary, oglanlar üçin ähli zerur gurallary bolan zähmet otagy, gyzlar üçin bolsa aşhana, tikin-çatyn iş ediş otaglary bar.

Şeýle hem bu ýerde kitaphana, meýdany 280 inedördül metrden gowrak bolan üsti ýapyk sport zaly, naharhana, uly mejlisler zaly, lukmançylyk otagy, lift hem-de beýlekiler bar. Mekdebiň ýanaşyk ýerlerindäki meýdançada sport we geografiki ýerler gurnaldy. Başlangyç synplaryň okuw binasynda uzaldylan güne gatnaýan toparlar üçin oýun oýnalýan otag, birinji synpda okaýanlar üçin ýatylýan otaglar göz öňünde tutuldy.

1-nji sentýabrda ozallar okamaga goňşy şäherçä giden Funtowo obasynyň oglan-gyzlary täze partalaryň başynda oturarlar. Indi bolsa töwerekdäki obalaryň çagalary mekdebiň ajaýyp binasy peýda bolan Funtowa okamaga gelerler.

Bilim edarasyny gurmagyň taslamasyna 2016-njy ýylyň martynda badalga berildi. Onuň gurluşygy döwrebap ölçeglere laýyklykda hem-de türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp baryldy. Gurluşyk serişdeleri sebitde iri “Berkarar” ulag-ýolagçy ýük gämisi bilen daşaldy.

Bu ýerlerde ýaşaýan etniki türkmenler Magtymguly Pyragy adyndaky täze mekdebiň açylmagyny taryhy Watanlary bilen ruhy gatnaşyklaryň üznüksizligi, döwürleriň we nesilleriň yzygiderliligi hökmünde örän uly şatlyk duýgusy bilen kabul edendikleri barada gürrüň berdiler.

Häzir Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Munuň özi daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli türkmenler üçin hakyky buýsanç duýgusy bolup durýar, biz bolsa ata-babalarymyzyň gadymy topragynda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmelere dahyllydygymyza bagtlydyrys diýip, watandaşlarymyz bellediler. Şol özgertmelerde Magtymguly Pyragynyň wasp eden arzuwlary öz beýanyny tapýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde hem umumy tagallalar bilen bu gatnaşyklaryň, edil dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklary ýaly, iki goňşy halkyň bähbidine berkejekdigine we giňeljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistany Astrahan oblasty bilen öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyryp, olar taryhy taýdan emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Olar bu gün täze many-mazmuna eýe bolýar. Ýakynda — 2-nji maýda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ulanmaga berlen wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de RF-iň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda bolan duşuşykda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleriň döremegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň köpugurly ulag-logistika düzümini döretmek barada netijeli başlangyçlary hakynda gürrüň boldy.

Türkmenistan we Astrahan oblasty dürli ugurlarda, şol sanda gämi gatnawlary babatda taslamalary bilelikde amala aşyrmakda uly tejribä eýe bolup durýarlar. Şu nukdaýnazardan Russiýanyň sebitleri hem-de esasy senagat merkezleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň logistika hyzmatlarynyň toplumyny nazara almak bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Türkmen telekeçileriniň Priwolžsk raýonynda bina eden döwrebap mekdebi hem Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň netijeli işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň girewi bolup, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam eder.

Bu waka däbe öwrülen türkmen-russiýa ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhynda, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini baýlaşdyrmakda nobatdaky ajaýyp sahypa bolup, bu hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol gatnaşyklara ýokary derejede täze depgin we strategik häsiýet çaýyldy.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir