Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly ýurdumyza gelen ilkinji daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda fransiýaly syýahatçy Laurent Jeune hem bar. Şu ýylyň 21-nji aprelinde 52 ýaşyny dolduran syýahatçy Fransiýadan Orta Aziýa döwletlerine çenli motosiklli syýahat etmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde, ol doglan gününde ýola düşüp, müňlerçe kilometr ýol geçip, düýn Hazaryň türkmen kenaryna geldi.

― Türkmenistanda bäş bolmagy meýilleşdirýärin. Şu bäş günüň dowamynda Türkmenistan barada internetden öwrenen zatlarymy gözüm bilen görmek esasy maksadym bolar. Esasan hem, ajaýyp Aşgabady görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ýaňgaladaky kert gaýalary synlap, göni Aşgabada ýola düşmekçi. Ol ýerden hem demirgazyga ― Daşoguz welaýatyna gitmegi, ýolda-da Derwezedäki gaz akymyndan dörän täsinligi görmegi meýilleşdirýärin.

Baku şäherinden Türkmenbaşa gelýärkäm, gämide dünýä belli ralliçi, öz watandaşym Rene Metge bilen gabatlaşdym. Bu sportuň meşhur ýyldyzy bilen ýoldaş bolmak meniň üçin garaşylmadyk ýakymly waka boldy. Ol ýolda Türkmenistanyň şu ýyl halkara awtoralli ýaryşyny geçirmäge taýýarlyk görýändigi barada gürrüň berdi. Jenap Rene bu ýaryşyň iň görnükli guramaçylarynyň biri. Men onuň Parižden Pekine çenli ralli ýaryşyny hem üstünlikli gurnandygyny bilýärin. Şeýle ussat hünärmenler bilen işleşmek Türkmenistandaky ralli ýaryşynyň ýokary derejede geçjekdigine ynam döredýär.

Biz gürrüňdeşligiň ahyrynda myhmana täze Halkara deňiz portunyň ilkinji daşary ýurtly myhmanlarynyň biri bolýandygyny aýtdyk. Munuň hem özi üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny aýdan myhman indiki garaşylmadyk ýakymlar bilen basymdan-basym tanyşmak üçin Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginiň jümmüşine sary ýola düşdi.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir