Döwletimizde telekeçilik işi günsaýyn ösýär. Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligiň ösmegine ýardam berýän möhüm resminamalarynyň birnäçesi üstünlikli hereket edýär. Men hem ýurdumyzda telekeçiligiň ýaýbaňlanmagy üçin döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp öz işimi açdym. Banklar arkaly telekeçilere edilýän hyzmatlaryň gerimi yzygiderli giňeýär. Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar berildi. Telekeçiler üçin dürli görnüşli salgyt ýeňillikleri-de döredilýär. Biz bu ýeňilliklerden ýerlikli peýdalanýarys.
Men kärhanamyň döwrebap binasyny gurdurdym. Ol Saýat etrabyndaky Sakar şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Hususy kärhanamyz süýt önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Önümlerimiziň hyrydarlary ýeterli. Öz işiň bilen meşgullanmagyň gyzykly, lezzet beriji taraplary köp bolýar. Telekeçileriň ýokary hilli we öndürijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda döredilýän amatly şertler we dürli ýeňillikler biziň işimiziň öňe ilerlemegine uly goldaw bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda telekeçileriň tejribe alyşmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Sergiler guralýar, maslahatlar geçirilýär. Olaryň birnäçesine gatnaşyp, iş tejribämi artdyran gezeklerim az bolmady. Döwletimiz tarapyndan işimize oňyn baha berlip durulmagy bizi has-da begendirýär. Mähriban Watanymyzyň ykdysady öсüşlerine mynasyp goşandymy goşýandygyma berlen mümkinçilik üçin özümi bagtly saýýaryn.


„Läle“ hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Myrat Ýagşygeldiýew.

Täzelikler, Turkmengalaa tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir