2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ýaşulylar Maslahatynda halkymyzyň goşa buýsanjy bolan Baş kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň şanly baýramçylygy baglanyşdyrylyp, her ýylyň 18-nji maýyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýip yglan edildi. Bu ajaýyp baýramçylyklaryň bir günde bellenilmeginiň çuňňur we taryhy manysy bardyr. Türkmen halkymyzyň agzybirliginiň, asudalygynyň, jebisliginiň, döwletimiziň berkararlygynyň we bagtyýarlygynyň ähli alamatlary bu mukaddeslikleriň ikisinde hem ýerleşdirilendir.
Ýurt Garaşsyzlygymyzy alanyndan soň 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Garaşsyzlyk hem-de bu taryhy sene türkmen halkymyzyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmak baradaky umyt-arzuwlaryny hasyl etdi. Ynsanperwerlige, ruhubelentlige badalga berýän, ajaýyp geljege berk ynam döretýän Konstitusiýamyz Türkmenistan döwletiniň we hukuk ulgamynyň, hukuk tertibiniň esasydyr.
Türkmen halkynyň milli aýratynlygyna, taryhyna, pelsepesine laýyk gelýän döwlet nyşanlarynyň biri bolan ýaşyl baýdagymyz taryhy asyrlara, müňýyllyklara uzalyp gidýär. Türkmen halkymyzyň buýsanjy bolan Döwlet baýdagymyz özbaşdaklygyň, özygtyýarlylygyň, bitewiligiň we döwletliligiň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşyl tugumyzyň dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda belentden parlamagy türkmen halkymyzyň we berkarar döwletimiziň abraýynyň, mertebesiniň arşa galmagydyr.
Gözlerimiziň guwanjy bolan Döwlet baýdagymyzyň we ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolan Konstitusiýamyzyň baýramy gutly bolsun! Bagtyýar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Türkmeniň Arkadag ogly hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir