Türkmen halkynyň buýsançly başyny göge direýän uly baýramçylyklarynyň biri hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen Döwlet baýdagynyň baýramydyr. Bu baýramçylyk Maý aýynyň 18-ne Diýarymyzyň ähli künjeklerinde şatlyk-şowhuna beslenip, döwlet ähmiýetli baýramlarynyň biri hökmünde giňden bellenip geçilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy baş Kanunymyzdyr. Sebäbi Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň we döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny milliligimize we türkmeniň ruhy gymmatlyklaryna laýyklykda kanuny esasda kesgitleýär. Baş kanunymyzda bellenişi ýaly Türkmenistan demokratik, hukuk dünýewi we hemişelik Bitarap döwletdir. Biziň jemgyýetimiz, döwletimiz baş Kanunda bellenilen ynsan hukuklaryny ýörelge edinip günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan içerki we daşary syýasatlar Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda adam hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Biziň döwlet syýasatymyzda adam mertebesi ýokarlandyrylyp, ilatyň durmuş derejesi ýokary derejä göterilýär. Ýurdumyzda adam döwletiň iň uly gymmatly hazynasydyr. Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygarymyz edip goýýar. Bu her bir raýatyň bagtyýar we abadan durmuşynyň kepilidir. Ýagny, ýurdumyzda täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi on iki ýyllyk orta bilime geçirilmegi gazanylan üstünliklerimiziň sanyny artdyrýan esasy zatdyr.
Hawa, Baýdak baýramynyň hem Baş Kanunymyzyň kabul edilen gününde bellenilmegi baýramçylyk dabaramyzyň şatlyk-buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bu iki mukaddesligiň hatyrasyna toý tutmak Watanyň mukaddesliginiň sarpasyny has beýige götermekdir. Ol çuňňur watansöýüjilikdir, mizemez döwletlilikdir. Watan Berkararlygynyň aýdyň nyşanydyr. Bu baýramçylyk Gahryman Arkadagymyz bilen jebis bolan türkmen halkynyň täzeçe ruhda, täze röwüşde milli görnüşde bellenýän baýramydyr. Ol türkmen halkynyň özbaşdaklygynyň, agzybirliginiň, jebisliginiň, mizemezliginiň belent nyşanydyr.
Hormatly Arkadagymyzyň 2018-nji ýyly “Türkmenistan-beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan etmegi biziň ata-baba milli buýsançlarymyza bolan söýgümizi ýene-de bir gez beýge galdyrylýar. Bu bellenilýän baýramçylyk hem milli buýsanjymyzyň berkemeginiň nyşanydyr. Goý Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri rowaç, jany sag ömri uzak bolsun!

Awtor: Bägül

Täzelikler, abatturkmen tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir