Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýan Boriden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi Türkmenistanda Slowakiýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly mertebedigini, ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji başlangyçlarynyň hem-de ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk ädimleriniň halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýandygyny nygtady.

Gürrüňdeşligiň barşynda dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekiline Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň hem-de ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada habar berildi. Ilçi şeýle hem milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işi we onuň düzümi bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň gerimine haýran galýandygyny aýdyp, diplomat ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň, ozaly bilen bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Ýakynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bütin dünýäde uly seslenme döretdi, ol häzirki zaman deňiz gatnawlar ulgamyny kemala getirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir hem-de Gara deňiz sebitine, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş ummany ýurtlaryna çykmak üçin aňrybaş amatly şertleri döreder, iri möçberli ýük gatnatmalaryna ýerüsti we howa gatnawlaryny goşmak bilen onuň ýoluny gysgaltmaga we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, ulag we energetika ulgamynda, senagatda, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk ugurlarynda türkmen-slowak söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.

***

Şu gün Slowakiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, duşuşykda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçiniň birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçiren duşuşyklarynda dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada pikir alşyldy.

Çeşme: tdh.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir