Täjigistanyň "Istiklol" futbol toparynyň baş tälimçisi Muhsin Muhammadiýew 16-njy maýda Gissaryň merkezi stadionynda "Altyn asyr" bilen boljak duşuşykda janköýerleri topary goldamaga çagyrdy.

Muhsin Muhammadiýew, "Istiklolyň" baş tälimçisi:

— Men "Altyn asyr" bilen ikinji tapgyrda Türkmenistanda geçirilen duşuşykda hem ähli zady Duşenbedäki duşuşygyň kesgitlejekdigini aýdypdym. Ýene şu sözi gaýtalaýaryn. Biz "Altyn asyr" bilen boljak duşuşyga örän jogapkärli taýýarlandyk. Toparçadan çykmagymyz üçin ýekeje ädim galdy, ýöne ol örän möhüm ädim. Biz toparçadan çykmak üçin ähli güýjümizi gaýgyrmarys.

Iň esasy zat, ähli futbolçylarymyz bu duşuşyga uly höwes hem joşgun bilen garaşýarlar. "Altyn asyr" — biziň üçin kyn garşydaş. Olar biziň toparymyzy gowy tanaýarlar, bizem olaryň oýnuna belet. Iki topar hem diňe ýeňiş üçin göreşer. Men ähli janköýerlerimizi topary goldamaga çagyrýaryn. Ertir biziň üçin kyn oýun bolar. Olaryň goldawy bolsa bize goşmaça güýç berer.

Nikola Stoşiç, "Istiklolyň" derwezewany:

— "Altyn asyr" gowy topar. Bize garşydaşyň böwedini böwsüp, toparçadan çykmaga mümkinçilik dörär diýip pikir edýärin. Goý, öňde duran wezipe ertir biziň peýdamyza çözülsin. Balkanabatda duşuşygyň iň soňky minutlarynda käbir ýalňyşlyklary goýberdik, ertir bolsa ýalňyşmak bolmaýar.

Çeşme: turkmenportal.com

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir