Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi hem geljegini özünde jemleýar. Baýdaga milletimiziň uzak geçmisiniň taryhy, ençeme asyrlap özbaşdak döwleti arzuwlan ata-babalarymyzyň ruhy siňendir. Baýdak beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň „Berkarar döwlet islärin“ diýip, ýüreginden eden arzuwlarynyň wysalydyr.
Her gün oba-şäherlerimiziň görnükli ýerlerinde ýaşyl Baýdagymyzy göreniňde, kalbyňda buýsanç, guwanç duýgusy döreýär. Sebäbi Döwlet Baýdagymyzda keramat, gudrat bar. Baýdagymyzyň nyşanyny döşümize dakyp, oňa buýsanyp gezýäris. Ata Watanymyzyň abraýy halkara giňişliginde gün-günden ýokarlanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sporta, bedenterbiýä, ynsan saglygyna ünsüň güýçlendirilmegi netijesinde halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dünýä çempionlygyna eýe bolan türgenlerimiziň sany has-da köpelip, mukaddes baýdagymyz ýygy-ýygydan ýokary göterilýär.
Şu ýylyň 18-nji maýynda halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň günü dabaraly bellenip geçiler.
Döwlet senamyzda „Baýdagyň belentdir dünýaň öňünde“ diýlip aýdylyşy ýaly, tugumyzyň ýokary galdyrylmagy Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň, mertebesiniň arşa galmagydyr.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir