Welaýatymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmengala etrabynyň hojalyklarynda hem gowaça ekişi giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Kemine adyndaky daýhan birleşigi etrapda uly we öňde baryjy hojalyklaryň biri. Her ýylda gowaçadyr bugdaýdan ýokary hasyl alýan daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylary Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hem 2650 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Hojalygyň kärendeçileri şu günler gowaça ekişini güýçli depginde dowam etdirýärler.
Bereketli hasylyň düýbüni mäkäm tutmakda Kakajan Geldiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji toparyň kärendeçileri nusgalyk işleri bitirýärler. Olar gowaça ekilmeli 240 gektar ýeriň 150 gektaryna bereket tohumyny ekdiler. Agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine hojalygyň hünärmenleri berk gözegçilik edýärler.
— Diňe welaýatymyzda ýa-da etrapda däl, eýsem daýhan birleşiginde hem her bir möwsümleýin çäre ýerine ýetirilende toprak - howa şertleri göz öňünde tutulmaly. Daýhançylykda köp ýyllap zähmet çekýän kärendeçiler munuň şeýledigine gowy düşünýärler. Gün geçdikçe, howa gyzdygyça tohumy ezip ekmeli. Irki ekiş geçiren ýerlerimizde ýaşajyk ösümlikler gerişleriň üstünde halka bolup, gögerip başlady.

Täzelikler, MerjenLB tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir