PARAWBIBI.
Gözel ýurdumyzda gadymyýetiñ taryhyna degişli birnaçe wakalar (aýtgylar, rowaýatlar...) netijesinde taryhy atlar we taryhy kùmmetler häzirki gùnűmize çenli ýaşap, häzirki gelejege ýadygär galypdyr. Hàzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziñ hut, òzùniñ howandarlyk etmeginde şol taryhy ýadygàrlikler içginden içgin òwrenilýär, olar barada birnäce makalalar we ylmy işler ýazylýar.
Şol içgin öwrenilýän ýadygärlikleriñ esasylarynyñ biri hem PARAWBIBI dini ýadygärligidir. Ýurdumyzyñ çar kùnjùnden zyýaratçysy asla kesilmeýän Parawbibijan ýadygärligi Balkan welaýatynyñ Bereket etrabyna golaýlabereñde çep, tarapyñda Kõpetdag bilen Küren dagynyñ birleşýän ýerinde, dagyñ belent gershiniñ üstünde gurlan kiçeñräk ýadygärlik gõrünýär.Ylmy çeşmelerde "Parawbibi aramgähi"diýlip bellenilýän bu gadymy ýadygärlik Merkezi Aziýada dag gerşinde ýerleşen ýeke-täk aramgähdir. Metjidiñ ýa-da onuñ golaýynda guburyñ ýokdugyna garamazdan, il-gün bu gudratly ýerleri õwülýa hasaplap, ony"Parawbibi ejeke", "Gyz õwülýa", "Diri õwülýa"diýip atlandyrýarlar.
X-XI asyrda gülläp õsen bu şäheriñ adyna "Ferawa"diýipdirler. Owadanlykda, akyl-paýhaslylykda, edep-ekramlylykda we edermenlikde õñüne adam geçirmedik Parawbibiniñ alty aýal dogany bar eken. olar "Gõzelbibi","Hajarbibi","Gyzbibi" üç aýal doganynyñ hem ady näbelli. Parawbibi tebipçilik bilen meşgullanypdyr. Bu hünär oña kakasyndan galypdyr. Parawbibiniñ ady yuwaşdan uzak ýerlere-de eşidilip başlapdyr we õz dertlerine derman gõzläp gelýän adamlar kõpelipdir. Rowatlaryñ birinde aýdylşyna gõrä:
Asuda otyran ýurduñ üstüne weýran ediji ýagy çozýar-da, ony basyp alýar.Duşman şu ýurtda Paraw atly gõrmegeý gyzyñ ýaşaýandygyn-dan habarly eken. Olar bu gyzy diri ele salmakçy bolýarlar. Şol wagt hem Parawbibi ýañyja bir garpyzy iýmek üçin ýarjak bolup oturan mahaly daga dyrmaşyp gelýän çapawullaryñ sesini eşidip,olaryñ ýetip gelýändigini gõrüp oturan ýerinden bõküp turýar-da: "Maña nesip etmedik garpyz duşmanada nesipetmesin. Goý, garpyzym daşa õwrülsin!"diýip dileg edýär. Şonda asly õwlat hasaplanýan gyzyñ dilegi kabul bolup, garpyz daşa õwrülipdir. Õzùni penalaýar. Ýõne diñe üç aýal dogan
dag gerişlerinde güýzgenip ýetişýär,üç aýal dogan duşman eline düşýär. Aýal doganlar Alla ýalbaryp: "Ey Allam bu zalymlaryn elinden halas et"diýip dileg edýärler şol wagtda-da Alla gyzlaryñ janyny alýar. Parawbibi şol gaçyp barşyna gañrylyp seredende, õzüne tarap elini uzadyp, duşmana bir zatlar diýip duran garra gõzi düşýär. Ol gaharyna eline bir gysym daş alýar-da, garra tarap zyñyp:"Doññara daşlar bolgaý sen!"diýip gargyş edýär. Ýaş gyzyñ gargyşy siñip, garry şol bada daşa õwrülýär. Şol gaçyp barşyna dagyñ depesine çykan gyz yzyndan kowgynyñ ýetip gelýändigini gõrüp, Allatagala nalyş edýär:"Eý Allam! Men seniñ päk namysly naçaryñdyryn. Meni ýaradan hem õzüñsiñ. Men namysyma el gatylandan gara daşlaryñ astynda girenim ýegdir" diýipdir. Guduraty gùýçli Allatagala onuñ nalyşyny eşidip, gara daglaryñ goýnundan oña ýer beripdir.
Owlat gyzy Parawbibiniñ daga ýalbaryp durka elini dirän gaýasyndaky dag gerşinde gyz penjesiniñ "yzy"bar. Parawbibiniñ gargap daşa "õwren" garrysyna şol ýerden õten ýolagçy "Sañsara bäş daş" diýip, daş oklap geçipdirler diýen gürrüñ bar. Häzirki gelýän zyýaratčylar hem ähli edim-gylymlara hormat goýup, hamala hokmany edilmeli endik ýaly bu zatlary gaýtalaýarlar.
@Toplan we elektron görnūşe geçiren: ASUMA