Budur alamaty ahyrzamanyň,
Haka sena kylgan zyban azalar.
Günbe-günden sany artar ýamanyň,
Sahabatly ýagşy ynsan azalar.

Nebs ýolun açarlar golunda sübse,
Imanyň ýoluna goýarlar gabsa,
Mollalar ylymyn çalyşar nebse,
Sogaba okalgan Kuran azalar.

Perzent tutmaz ata tutgan ýoluny,
Toba kylmaz, bakmaz sagy-soluny.
Ämiçni ýok sylmaz ýüze goluny,
Käfir artar, bil, musulman azalar.

Kemeler ybadat, zikri-senalar,
Haram ýygyp gurlar kaşaň binalar,
Pul bilen aklanar barça günäler,
Şergi adyl çözen diwan azalar.

Edep-ekram bilmez uly hem kiçi,
Uruş-gowga dolar dünýäniň içi,
Erkek ösdir, aýal gysgaldar saçy,
Zülpi şamar kibi jenan azalar.

Dabaraly göreş gurulsa toýda,
Nebsin ýeňen pälwan bormyka heýde?
Gazanjak zadyny hasaplar öýde,
At üçin göreşen pälwan azalar.

Çarhy-pelek ne gün salar ynsana,
Nalalar etmezmi kadyr Subhana?!
Dertli haraý isläp baksa lukmana
Mugt şypa eýlegen lukman azalar.

Ser saldym bu dünýä dikdim gözümni,
Tükenmez günäli duýdum özümni,
Annadurdy bes edeýin sözümni,
Gorkaram, köp sözde iman azalar.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir