Beýik ýeňiş güni adamzadyň başyna agyr horluklary, ummasyz köp ýitgileri, hiç wagt ýatdan çykmajak ruhy gynançlary getiren faşizmiň elhenç jahan urşundan üstün çykylan Beýik ýeňiş gününiň baýramydyr. Uruş hakdaky agyr kyssany ýatlamak kyn, ýatlamazlyk asla mümkin däl. Sebäbi parahatçylyk söýjülik ynsanlaryň hakydasynda baky galan ol güni unudyp bilenok. Hiç kim ýoldan çykmak, hiç kim unudylanok. Watan goragyna gidip mertlerçe söweşip ýat ýerlerde baş goýan gerçekleri, uruşdan maýyp bolan Gahrymanlary nädip ýatdan çykarjak. Ol uruşda, ýagny Watan üçin söweşde merdi merdanalyk görkezen Gahrymanlar Gylyçnyýaz Azadowyň, Oraz Annaýew, Pena Rejepowyň, Gurban Durdyýewiň, Amangylyç Ataýewiň, Aýdogdy Tahyrowyň görkezen gahrymançylyklary hakynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly.
Mähriban Arkadagymyzyň atasy ilhalar esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň görkezen mertligi, agyr söweşlere gatnaşyp Watanyna dolanyp geleninden soň hemme halk üçin sanardan köp işleri bitiren Gahrymany neneňsi ýatdan çykarjak. Olar ýatdan çykmaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen her ýylyň Ýeňiş baýramy mynasybetli urşuň ýalynly ýodasyndan geçenler, olaryň yzynda galan söwer ýarlary ýatlanyp uly aladalar edilýär. Olara gymmat bahaly sowgatlary gowşurýar. Uruşda wepat bolanlaryň ruhuny ýatlap olaryň ýadygärliklerine baky oduň başynda baş egip, olaryň ruhuna tagzym edilip, ter gül desselerini goýýarlar. Beýik ýeňişiň 73 ýyllyk baýramçylygy faşizmiň zulumundan dynylyp şunça ýyllap asuda ýaşaýşymyzyň buýsanjy bolup taryh sahypasyna ýazylýar.
Ýurdumyzda adyl syýasaty dabaralandyryp, halkyň parahat durmuşda bol-elin ýaşamagyny, bagtyýar eşretli günlerine guwanmagy amal eden Gahryman Arkadagymyzy, külli türkmen halkyny 9-njy Maý-Ýeňiş baýramy bilen gutlaýarys! Goý dünýaniň ýüzünde hemişe parahatçylyk bolsun!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir