Tigirli gezelenje çykmak gyzykly, ýol ugra her hiljek gyzykly wakalara gabat gelip bolýar. Ine bugünem Mir köçäň ugry boýunça Arçabilden aşaklygyna. Gulakda nauşnik bass boýunça kelläm hereketlendirip barýan, 8 aýagyň daşyndan aýlanyp geçmekçi, daşly, tolkunly ýolunda gyzykly bolýar tigir sürmek. We ine geçip barýan, men nireden bileýin daýzajan bärini ýuwup ýöreniňi "wah ýuwanja ýerim" sözlerini her topbakdan geçenimde eşitsemem giiç indi bagyşlaň daýzamjanlar;)) Bagyşlaň - bagyşlaň..
Indä ýola düşdüm, bärde beýle bolasy ýokla.. Hawa hawa beýle däl, ýöne tigirim bilen sygar ýalyja ýer sorap jaňymy kakamda, biri biri bilen ýerlerini çalşyp duran babulýalar, siz näme süsüşäýdiňizle soňundan, bilen bolsam aňyrdan aýlanardym-daa.. Haa ýok, men iň gowusy maşyn ýoluň gyrasyna geçeýin bolmasa bärdäki gyzlaram çalaja çolaşyp galdylar biri-birine
Ýokardan aşaklygyna şemal boýunça gyzyklaý, eliňi roldan aýryp gomparan bolam-daa hasam gyzykly hojagaz ýerdäki gyzjagazlary özüme çekýän ýaly düşünje bar hamala kellämde şol pursat. Bor-da ýykylaýmaýyn indi men.
Oh-hoo DÖNER barmy bärdee geçip bolmaz deňinden;)) agamjan taýýarlap ber derrewjek birini lavaşdan, deňiňden geçmän oturandyryn
oh-hoo Milli Market!! Doganjan şu bananlary çekip ber maňa;)) oh-hoo Goşa çynaram bärde arzan😋 Baýbuu kassadaky gyzama özüne gowja seredýän eken. Aý indi men oh-ho diýip oturmagymy bes edeýin-de öz işim bilen bolaýyn, ýola çykaýyn😉
Oh-hoo zynjyr bulaşdyyy, kim bejerýä indi munyyy. Ana maňa iň gowy oh-hoo, oturaryn indi şeýdip😨😦