Döwletjan Ýagşymyradow çempionlyk guşagyny gazandy we eýýäm UFC-dan teklipler gelýär. Döwletjan Ýagşymyradow 28 ýaşly ildeşimiz geçen möwsüm Russiýada başa-baş söweşleri guraýan iň gowy gurama diýlip saýlanan ACB guramasynda bäş duşuşyk geçirip, olaryň hemmesinde hem ýeňiş gazandy. ACB-de birinji agyr agramda çykyş edýän Ýagşymyradow bu agramlyk derejesinde çempionlyk guşagyna eýelik edýär. Ol karýerasynyň dowamynda häzirki wagta çenli 16 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bir duşuşygyny bolsa deňlikde tamamlady.

— Döwletjan, ilki bilen gazanan taryhy ýeňşiň bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys.

— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda sporty belent derejelere ýetirýän hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýaryn. Türkmen topragynda janköýerlik eden ildeşlerimiziň goldawlarynyň hem meni ýeňşe ganatlandyrandygyny aýratyn belläp geçeýin. Sportuň dürli görnüşleri bilen birlikde başa-baş söweş hem ýurdumyzda halkara derejelerine ýetirildi. Türgenlerimiziň bu ugurda görkezýän ussatlygy örän begendirýär. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, enem-atama hem hoşallygymy bildirýärin.

— Çempionyň garşysyna sekizburçluk ringe çykdyň. Türgenleşik işlerine has irräk girişensiň-le?

— Taýýarlyk işlerine üç aý mundan öň başladym. Esasy türgenleşiklerim Dagystanda «Gores» klubunda geçirdim. Bu ugurda tälimçim Suhrab Magomedowyň tagallasy örän uly.

— Çempionlyk guşagyn-a gazandyň. Indiki etsem-goýsamlaryň barada gürrüň beräýseň?

— Nesip bolsa, ilki bilen öýe, çagalarymyň arasyna barmakçy. Şu aýyň ahyrynda ýokary okuw mekdebindäki synaglarymy tabşyrmaly. Şondan soň Watanymyza, eziz Türkmenistana çempionlyk guşagymy alyp barmakçy bolýaryn.

— Islendik türgeniň arzuwy, çempionlyk guşagyny gazanmakdan ybarat. Tüweleme, arzuwyň hasyl boldy. Bu guramadaky çykyşyňy dowam etmekçimi?

— Häzir belli bir zat aýdyp biljek däl. Dogrymy aýtsam, dünýäniň iň abraýly guramasy bolan UFC-dan teklipler hem gelip gowuşdy. Ýöne men häzir anyk bir netijä gelemok. Bu ugurda dogry netijä gelmek üçin biraz wagt gerek.

— Döwletjan, çempionlyk guşagyň ýeňişli ýoldaky ilkinji üstünligiň bolsun!

— Sag boluň!


Çeşme: TURKMENPORTAL.COM

Sport, TDUmaksat tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir