Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy Türkmenistanyň döwletimiziň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi nazarda tutup, «Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna» laýyklykda amala aşyryldy. Bu halkara portuň gurluşygyna Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda gol çeken Karary esasynda badalga berildi.
Hazar deňziniň kenarynda bina edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli ykdysadyýetimiz we tutuş sebit üçin täze «deňiz derwezesi» ähmiýetine eýe bolup, täjirçilik pudagynyň esasy ugry hökmünde hyzmat eder. Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça täze söwda gatnaşyklaryna ýol açjak Halkara deňiz portuna deňiz ýoly bilen gelip gowşan ýükleri barmaly ýerine çenli bökdençsiz äkitmek maksady bilen, portuň demir we awtomobil ýollary integrasiýasy göz öňünde tutuldy.
Logistikanyň esasy maksady bolan tiz we ynamdar hyzmaty ýerine ýetirmek üçin portuň düzüminde ýükleri barlaýan döwlet gulluklarynyň edara binalary, innowasion barlag enjamlary, ýükleri düşüriji we ýükleýji tehnikalar ýerleşdirildi. Şeýlelikde, portuň çäginde gurnalan hyzmat ediş binalary, içeri işler, migrasiýa we gümrük gulluklary üçin binalar, demir ýol dolandyryş binasy bu ugurda hereket etjek ýükleriň barmaly ýerine has çalt ýetirilmegine uly goşant goşar.

Çeşme: nexttm.com

Tehnologiýa, TDUmaksat tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir