Mäh­ri­ban Di­ýa­ry­myz­da mun­dan dört müň ýy­la go­laý öň eme­le ge­len si­wi­li­za­si­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de bo­lan­ly­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän ýüz­ler­çe ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­lar ber­lin­li­le­re we bu şä­he­riň myh­man­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň örän baý me­de­ni mi­ra­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ýär.

Di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­ri­niň mu­zeý muş­dak­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den bu ser­gi­niň açy­lan gü­nün­den bä­ri san­ly­ja gün ge­çen hem bol­sa, eý­ýäm müň­ler­çe adam onuň eks­po­zi­si­ýa­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, bu ýer­de gör­ke­zil­ýän, hal­ky­my­zyň en­çe­me asyr­lar mun­dan ozal ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni aý­dyň­lyk bi­len şöh­le­len­dir­ýän gym­mat­lyk­la­ryň tä­sin­li­gi we öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir.

Yn­san­per­wer ul­gam­da türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň aý­dyň ne­ti­je­si bo­lan Ber­lin­dä­ki ser­gi ýew­ro­pa­ly­lar üçin adam­zat si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ýyl ýaz­gy­sy­nyň tä­ze sa­hy­pa­la­ry­ny aç­ma­gyň ýo­lun­da mö­hüm wa­ka bol­dy. Özü­niň tä­sin gym­mat­lyk­la­ry bi­len hiç ki­mi bi­parh goý­ma­ýan bu öz­bo­luş­ly açy­lyş da­ba­ra­syn­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň kans­le­ri­niň me­de­ni­ýet we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly we­ki­li Mo­ni­ka Grýut­ter­siň bel­leý­şi ýa­ly, Mar­gia­na ta­ry­hyň örän tä­sin ýa­dy­gär­li­gi­dir.

— Me­niň şeý­le ga­dy­my mi­ra­sa baý Türk­me­nis­ta­na ba­ryp gö­re­sim hem-de en­çe­me asyr­la­ryň şa­ýat­la­ry bo­lan ýa­dy­gär­lik­le­ri we gym­mat­lyk­la­ry öz göz­le­rim bi­len gö­re­sim gel­ýär. Bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den Mar­gia­na ar­ka­ly di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ta­ry­hy bi­len däl, eý­sem, geo­sy­ýa­sy ba­bat­da mö­hüm orun eýe­le­ýän Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dur­mu­şy bi­len hem ýa­kyn­dan ta­nyş­mak bol­ýar. Ýur­du­my­zyň mer­ke­zin­de, iň ab­raý­ly mu­zeý­le­riň bi­rin­de gu­ra­lan bu ser­gi yn­san­per­wer hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi­ne uly iter­gi be­rer. Men türk­men eks­po­zi­si­ýa­sy­nyň di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­da däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­jek­di­gi­ne tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­ryn. Bu ser­gi­niň Ýew­ro­pa­da il­kin­ji bo­lup, hut GFR-iň paý­tag­tyn­da gu­ra­lan­dy­gy­na buý­san­ýa­rys — di­ýip, ha­nym Mo­ni­ka Grýut­ters bel­le­di.

«Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin köp iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Bu işe türk­men alym­la­ry, ar­heo­log­la­ry, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri we beý­le­ki hü­när­men­le­ri bi­len bir­lik­de, ne­mes ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri hem iş­jeň go­şul­dy­lar. Ola­ryň bi­ri-de Tä­ze mu­ze­ýiň baş hü­när­me­ni, Mar­gia­na ser­gi­si­niň ut­gaş­dy­ry­jy­sy, fi­lo­so­fi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry Manf­red Naw­rot­dyr. Ga­dy­my ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy öw­ren­mek hem-de ony bü­tin dün­ýä ýaý­mak ul­ga­myn­da meş­hur bo­lan bu alym dost­luk­ly ýurt­la­ryň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry bi­len ge­çi­ril­ýän ser­gi­niň gu­ra­ly­şy­na ýo­ka­ry ba­ha ber­di.

— Ma­ňa bäş ýyl mun­dan ozal gü­neş­li Türk­me­nis­tan­da bo­lup gör­mek, Go­ňur­de­pe­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri bi­len ta­nyş­mak hem-de bu ga­dy­my top­ra­gyň baý mi­ra­sy­ny öw­ren­mek üçin giň möç­ber­li iş­le­riň ge­çi­ri­len­di­gi­ne göz ýe­tir­mek mi­ýes­ser et­di. Mar­gia­na bir­ma­hal­lar gül­läp ösen beý­le­ki si­wi­li­za­si­ýa­lar­dan bir­jik-de pes dur­ma­ýar. Bu ýer­de ta­py­lan ar­heo­lo­gik gym­mat­lyk­lar örän tä­sin­dir. Olar müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal bu aja­ýyp top­rak­da örän ösen si­wi­li­za­si­ýa­nyň bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Biz Go­ňur­de­pe­den ta­py­lan tä­sin gym­mat­lyk­la­ryň mu­ze­ýi­miz­de goý­lan­dy­gy­na we dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den gel­ýän ja­han­keş­de­le­re gör­ke­zil­ýän­di­gi­ne buý­san­ýa­rys we gu­wan­ýa­rys. Şu eks­po­zi­si­ýa­nyň iş­län döw­rün­de oňa di­ňe bir Ger­ma­ni­ýa­dan däl, eý­sem, dün­ýä­niň beý­le­ki köp san­ly ýurt­la­ryn­dan hem ýüz­ler­çe müň ada­myň ge­lip gör­me­gi­ne ga­raş­ýa­rys.

Türk­me­nis­tan­da ga­dy­my däp­ler bi­len bir­lik­de, mil­le­tiň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik we şä­her­gur­lu­şyk ýö­rel­ge­le­ri­niň hem my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­dum. Türk­men paý­tag­ty san­ly­ja ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di, bu ýer­de gur­lan er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly köşk­ler we bi­na­lar bol­sa özü­niň gö­zel­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýar. Umu­man, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň aja­ýyp keş­bin­de bi­na­gär­li­giň ga­dy­my däp­le­ri bi­len hä­zir­ki za­man şä­her gur­lu­şy­gy­nyň öz­bo­luş­ly ýö­rel­ge­le­ri saz­la­şyp­dyr. Bu ýer­de bi­na­gär­lik ba­bat­da öw­ren­mä­ge zat köp — di­ýip, dok­tor Manf­red Naw­rot nyg­ta­dy.

Ýo­kar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çä­k­lerin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi­ni gu­ra­mak üçin en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da uly iş­le­ri ge­çir­me­li bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2016-njy ýy­lyň 29-njy aw­gus­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bol­dy. Bu sa­par däp bo­lan dost­luk­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mä­ge, türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­ny, hu­su­san-da, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da gat­na­şyk­la­ry tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam et­di. GFR bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da has iş­jeň­le­şen Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Türk­me­nis­tan gat­na­şyk­la­ry­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Iki döw­le­tiň hem ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge taý­ýar­ly­gy hem-de ta­rap­la­ryň hoş­me­ýil­li erk-is­le­gi deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­rin­de gu­ral­ýan türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry­nyň üs­tün­li­gi­ni şert­len­dir­ýär. Yn­san­per­wer ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­lyk, me­de­ni­ýet ba­bat­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň halk­la­ry­ny iki dost­luk­ly ýur­duň ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri gu­ra­mak aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gin­de türk­men hal­ky­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ny aýaw­ly sak­la­ma­ga, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Mu­nuň çuň­ňur ma­ny­sy bar. En­çe­me asyr­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den köp san­ly ker­wen ýol­la­ry ge­çip­dir. Olar Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň halk­la­ry­nyň söw­da hem-de me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýol­la­ry bo­lup hyz­mat edip­dir.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ra ba­ra­bar ta­ry­hy we öz­bo­luş­ly me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş­ma­ga is­leg bil­di­ren köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ga­dy­my bi­na­gär­li­giň we ta­ry­hyň muş­dak­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len açyk as­ma­nyň as­tyn­da­ky tä­sin mu­zeý­ler — kuw­wat­ly Par­fi­ýa döw­le­ti­niň paý­tag­ty Kö­ne Nu­saý, Ga­dy­my Merw hem-de Kö­neür­genç bi­len du­şu­şy­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar. Ine, Ber­lin­de «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ar­heo­lo­gik ser­gi­niň gu­ral­ma­gy ga­dy­my­ýe­tiň muş­dak­la­ry­na syr­ly hem-de ga­dy­my Mar­gia­na şeý­le ge­ze­len­ji ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Ga­dy­my Mar­gia­na Türk­me­nis­ta­nyň Gü­nor­ta — Gün­do­ga­ryn­da­ky ta­ry­hy land­şaft­dyr. Ol dört müň ýy­la go­laý wagt mun­dan ozal, bü­rünç eý­ýa­my­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de ösen me­de­ni­ýe­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Bu mer­kez Me­so­po­ta­mi­ýa we Mü­sür ýa­ly si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň döw­rün­de ösen hem bol­sa, ol hä­zir­ki döw­re çen­li köp de­re­je­de mä­lim bol­man­dyr. In­di il­kin­ji ge­zek ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ryň giň möç­ber­li ser­gi­si ar­ka­ly Ýew­ro­pa­da giň köp­çü­li­gi Gün­do­ga­ryň ta­ry­hyn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýän ga­dy­my Mar­gia­na­nyň tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di.

Türk­me­nis­tan «Mar­gia­na — Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki bü­rünç asy­ry­nyň şa­ly­gy» at­ly ser­gi üçin ýur­du­my­zyň üç döw­let mu­ze­ýin­den — Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýin­den, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýin­den hem-de Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýin­den 220-ä go­laý gym­mat­ly­gy­ny ge­tir­di.

Çeşme: tdh.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir