DEŇIZDE GÜN ÝAŞANDA
Balyjaklar haçanda,
Gün deňize gaçanda,
Şagalaňy, şowhuny
Ýaýnaýarlar köp edip.
Sebäp, Güni
Balyklar
Oýnaýarlar top edip.
☆ ☆ ☆
SYÝAHATÇY BALYKLAR
Gezip çykýas derýany,
Ýüzüp çykýas kölleri.
Syýahatçy balyk biz,
Gördük eýýäm kän ýeri.
Suw içinde ýüzmäge
Gaty çakgan, ökde biz.
Soraberiň, aýdarys
Deňiz, derýa hakda biz.
Geň-enaýy gürrüňler
Näçe diýseň kän bizde.
Ýöne hiç zat aýtmarys,
Çeňňek bolsa eliňizde.
Kasym Nurbadow
Aşgabat - 1982