Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşini ägirt uly goşant goşan türkmen halky özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgelerini soňky ýyllarda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Behişli bedewlere aýratyn gadyr goýýan, olaryň hüý-häsiýetine belet döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşmak we at çapmak bilen meşgullanmaga wagt tapyp, bu ýörelgäni dowam etdirip gelýär.
Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň özüniň buýsanjy, milli gymmatlyk hökmündäki dabarasy bilen dünýäde deňsiz-taýsyzdygyny belleýär. Türkmen halkynyň asylly atşynaslyk däpleriniň kämilleşdirmegi, ahalteke tohum atlarynyň baş sanynyň artdyrylmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atşynaslyk pudagynyň halkara ugurdaş düzümlere goşulmagy milli atçylyk sportynyň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edilýär.
Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ahalteke bedewleriniň halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň hatarynda aýratyn orun eýeleýändigini bellemek bolar. Häzirki döwürde Türkmenistanda atşynaslyk milli medeniýetini dikeltmek we ösdürmek, bu ugurda özgertmeler syýasatyny amala aşyrmak boýunça uly işler alynyp barylýar. Şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine we aýawly saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Milli we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewler gözelligi, çeýeligi, wepalylygy hem-de ösen aňy bilen asyrlaryň dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli wagt tapyp atçylyk toplumlarynda bolup, ajaýyp ahalteke bedewler bilen didarlaşmagyny öz milli Liderimiziň baştutanlygynda täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan türkmen halkynyň «Türkmen beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýip yglan edilen 2018-nji ýylda milli däp-desurlarynyň we nurana arzuwlarynyň dabaralanmasy diýip atlandyrylsa hem bolar.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy atşynas Esger Akmämmedow.