Ýurdumyzyñ ýakyn ýyllar üçin niýetlenen daşary syýasy ugrunyñ Konsepsiýasyna laýyklykda, Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem abraýly halkara guramalaryñ we düzümleriñ çäklerinde oñyn hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz hem-de yzygiderli ösdürýär. Munuñ subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziñ şu ýylyñ 23-24-nji aprelinde Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny mysal getirmek bolar. Iki goñşy yurt bolan Türkmenistan we Özbegistan doly möçberli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr. Hoşniýetli erk-islegiñ we umumy maksatlaryñ bar mahaly şeýle hyzmatdaşlyk üçin hiç bir zat päsgelçilik berip bilmeýär. Biziñ umumy maksadymyz türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giñeltmekden, özara bähbitli täze taslamalary ösdürmekden we üstünlikli durmuşa geçirmekden, şeýle hem dost-doganlyk ýörelgelerini, hoşniýetli goñşuçylyk däplerini gyşarnyksyz berjaý etmekden ybaratdyr. Hut şu ýagdaýlar hem Özbegistany hoşniýetli goñşy we ygtybarly hyzmatdaş hasaplamaga esas berýär.
Türkmenistan bilen Özbegistany dürli ugurlar boýunça gatnaşyk etmekde baglanyşdyrýan uly taslamalar bar. Mysal üçin, geçen ýylyñ martynda Türkmenabat hem-de Farap şäherleriniñ arasynda Amyderýanyñ üstünde gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniñ ulanylmaga berilmegi munuñ aýdyñ subutnamalarynyñ biridir. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Özbegistanyñ Prezidentiniñ Türkmenistana saparlarynyñ barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oñyn esas boldy.
Özbegistan Türkmenistan gazanýan ägirt uly ykdysady we serişdeler mümkinçiliklerine däl, eýsem iki doganlyk halklaryñ taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan özara hyzmatdaşlygyñ geljegine hem örän oñyn baha berýär. Türkmenler we özbekler asyrlaryñ dowamynda agzybir ýaşap, doganlyk gatnaşyklaryny saklap gelýärler. Türkmenistanda we Özbegistanda geçirilýän özara medeni çäreler halklarymyzyñ özara bähbitli gatnaşyklarynyñ yzygiderli ösýändigini, bu gatnaşyklaryñ täze döwre gadam basýandygyny görkezýän möhüm wakalardyr.
Hormatly Prezidentimiziñ Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynda dostlukly özbek topragynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädim bolan sapar hökmünde ýokary baha berildi. Bu barada gepleşikleriñ barşynda özbek Prezidenti hem aýtdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda biziñ döwletlerimiziñ arasyndaky gatnaşyk hil taýdan täze derejä çykdy. Bu gün türkmen-özbek hyzmatdaşlygy gol çekilen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda döwletara ylalaşyklaryñ ruhunda işjeñ ösdürilýär. Muña ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar aýdyñ subutnamadyr.
Türkmenistan hemmeler üçin açyk, goñşulary bilen hoşniýetli gatnaşyk edýän hem-de öz öñünde belent maksatlary goýýan döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyñ ýokary sylagy «Buýuk hyzmatlary üçin» ordeniniñ gowşurylmagy hem hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde, gadymdan gelýän dost-doganlyk däplerini pugtalandyrmakda üstünlikli durmuşa geçirýän işlerine berlen ýokary bahadyr. 23-nji aprelde Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriñ barşynda özbek paýtagtynda «Aşgabat» seýilgähiniñ açylmagy, döwlet Baştutanymyzyñ öz kärdeşi Şawkat Mirziýoýewe özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapara gelip görmäge çagyrmagy hem giñ gerimli dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge özara uly isleg bildirilýandiginden nyşandyr.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir