Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli işler halkymyzy bagtyýar geljege, aýdyň ertirlere alyp barýar. Adam hakda aladany döwlet syýasatynyň baş ugruna öwren Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de ýadawsyz tagallasy bilen ata Watanymyzyň çar künjünde gurulýan durmuş, medeni hem önümçilik maksatly binalaryň ýaýrawy barha giňeýär. Munuň özi ýurdumyzda bagtyýar il-günimiziň eşretli durmuşda ýaşamaklary hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri barada edilýän ynsanperwer aladanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Bu aýdylanlara bolsa häzirki wagtda Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde bina edilýän täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu günler bu täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň günsaýyn batlanýan iş depginleri bolsa ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hem hazynasy hasaplanylýan adam hakda aladanyň çäksizliginiň aýdyň subutnamasy bolýar.
Soňky ýyllarda Änew şäherinde gurlup ulanylmaga berilýän edara jaýlary, ýaşaýyş-durmuş, medeni hem önümçilik maksatly döwrebap ymaratlar barha köpelýär. Şu günler hem geljekde gadymy Änew şäheriniň häzirki zaman binagärlik keşbine gözellik çaýjak, onuň görküne-görk goşjak ýene bir ýaşaýyş jaýlar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Ahal welaýatynda döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky” karary esasynda Änew şäheriniň çäginde bina edilýän täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy günsaýyn ýokarlanýan depgine eýe bolýar. Bu ýerde Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşigi, şeýle-de “Beýik bina” we “Çynar gurluşyk” hususy kärhanalary tarapyndan 160 sany maşgala hojalyklary üçin niýetlenilen 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň jemi 5-sini gurup ulanmaga bermeklik göz öňünde tutulýar.
Gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýän bu ýaşaýyş jaýlar toplumynda işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde elektrik we gaz geçirjileri çekmek, içki we daşky boýag işlerini ýerine ýetirmek we beýleki işer talabalaýyk alnyp barylýar. Bu ýerde gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde kuwwatly tehnikalaryň her biriniň bökdençsiz işledilmegi gazanylýar. Ähli ýaşaýyş durmuş amatlyklary göz öňünde tutulan, 160 maşgala hojalygyna niýetlenilen 2, 3 we 4 otagly öýlerden ybarat bolan bu ýaşaýyş jaýlar toplumynyň çäginde toý-sadaka etmek üçin bassyrmalar, awtoduralga hem-de çagalaryň şadyýan hem erkana oýnamaklary üçin döwrebap oýun meýdançalary hem bolar.
Ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilen 2018-nji ýyly belent üstünliklere beslemegi maksat edinen ezber elli gurluşykçylaryň şu günlerde çekýän ruhubelent zähmetleri, olaryň bu desganyň gurluşygyny öz wagtynda ýokary hil derejesinde tamamlap ulanylmaga beriljekdigine ynamy berkidýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir