Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni Türkmenistanda ýokary guramaçylyk derejesinde giñ möçberli bag ekmek möwsüminiñ nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyñ Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyñ ministrliklerine, pudak edaralaryna we häkimliklerine 2018-nji ýylda paýtagtymyzda we onuñ töwereklerinde hem-de welaýatlaryñ çäklerinde 3 million saýaly, pürli we miweli bag nahallaryny, şeýle hem üzüm oturtmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyñ tagallasy boýunça her ýylda Türkmenistanda millionlarça bag nahaly oturdylar. Ýurdumyz saýaly baglaryñ, miweli agaçlaryñ mekanyna we Watanymyzyñ ösüşiniñ nyşany bolan tokaý zolaklaryna öwrülýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak ýaly jemgyýetçilik taýdan bähbitli ýörelge ýurdumyzyñ gülläp ösýän künjege öwrülmegine, ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün edýär we adam ömrüniñ uzalmagyny şertlendirýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyñ tokay zolaklaryny giñeltmek işlerine örän çynlakaý we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiñ zerurdygyny belleýär. Şunuñ bilen baglylykda, saýaly we miweli baglar her sebitiñ toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleri seçip alynýar. Tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbañlandyrylýan bag ekmek möwsüminde oturdylýan bag nahallaryna degişli ideg işleri ýola goýulýar. Täze seýilgäh we tokay zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbañlandyrylan giñ möçberli çäre türkmen topragynyñ ähli künjekleriniñ görküni artdyrar. Ýurdumyzda döredilýän tokay zolaklary ekologiýa howpsuzlygynyñ möhüm şerti, türkmenistanlylaryñ abadançylygynyñ we sagdynlygynyñ kepili bolup durýar.

Yhlasly zähmetiñ we ruhubelentligiñ özboluşly baýramçylygyna öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäresi türkmen halkynyñ asylly ýörelgelere, bag ekmek ýaly netijeli çärelere işjeñ gatnaşýandygynyñ nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle sogap işleriñ bilelikde, agzybirlikde berjaý edilmegi watansöýüjiligiñ, jebisligiñ we dost-doganlygyñ özboluşly nyşanydyr.

Täzelikler, nexttm tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir