Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bolup geçdi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen bu saýlawlar Ahal welaýatynyň ähli ýerinde degişli kanunçylyga laýyklykda ýokary guramaçylykly geçirildi.
Ak bugdaý etrabynda saýlawlar toý ruhubelentligine eýe boldy. Ir sagat 7:00-da saýlaw uçastoklarynda döwlet Senasy ýaňlandy we ruhubelentlikde ýerine ýetirildi. Saýlaw toparlary bellenilen wagtda işe başlady. Nobatdaky syýasy-jemgyýetçilik çäre etrabyň çäginde döredilen uçastoklarynyň ählisinde-de raýatlaryň işjeňligine eýe boldy. Etrap merekezi Änew şäherindäki medeniýet öýünde döredilen 59-njy saýlaw uçastogyna ir säherden mähelle gelip-gidip ugrady. Olar bu ýerde duz-çörekli garşylanmak bilen, öz raýatlyk hukuklaryndan peýdalanyp, däläşgärleriň mynasyplaryna ses berdiler.
Saýawlar toý ruhubelentligi bilen alamatlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada joşgunly aýdym-sazlar giň gerim aldy. Dutarçy bagşylaryň, üme dessuryny ýerine ýetiren zenanlaryň çykyşlary saýlawçylaryň toý şatlygyna şatlyk goşdy. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, milli öwüşginli tans çykyşlary döwrümiziň buýsançly waspy bolup, jemgyýetçilik-syýasy çärä baý many çaýdy. Welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan kitap sergisi gymmatly neşirlere baýdygy bilen uly gyzyklanma döretdi. Giňden ýaýbaňlandyrylan azyk önümleriniň söwda-satuwynyň hyzmatyndan peýdalanmaga hem mümkinçilik boldy. Munuň özi saýlawçylarda juda buýsançly duýgulary döretdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli demokratiýanyň barha dabaralanýandygyny bu ýerde saýlawlaryň aç-açanlyk, aýdyňlyk we bäsleşik esasynda geçişi doly subut etdi. Saýlaw uçastogy boýunça ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň jemi 1478-si bolup, şolaryň aglabasy eýýäm günüň birinji ýarymyna çenli gelip, raýatlyk hukuklaryndan peýdalandylar. Ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýan ýaşlaryň bu jemgyýetçilik-syýasy çärä has işjeň gatnaşandygyny bellärliklidir. Saýlaw uçastogy boýunça şeýle saýlawçylaryň 18-si bolup, olaryň ählisi hem saýlawa höwesli gatnaşdy. Ýaşuly saýlawçylaryň bolsa 47-si hasaba alyndy. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň, TMÝG-niň etrap Geňeşi tarapyndan ilkinji gezek saýlawlara gatnaşýan ýaşlara, ýaşuly saýlawçylara, şeýle-de ilkinji bolup ses beren saýlawça ýörite sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Mežlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleriň ählisi hem syýasy partiýalar we raýatlar topary tarapyndan hödürlenen il içinde uly abraýdan peýdalanýan, işbaşarjaň we zähmetsöýer raýatlardyr. Şeýle bolansoň, saýlawçylar olaryň arasyndan mynasyp hasaplanýanlaryna ses berdiler. Bu işe syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, dalaşgärler we raýatlar topary tarapyndan hödürlenen we bellige alnan milli synçylar gözegçiligi amala aşyrdylar. Daşary ýurt synçylary hem saýlawlaryň geçişi bilen tanyşdylar. Etrapdaky 27-nji orta mekdebinde döredilen 16-njy saýlaw uçastogynda hem saýlawlar Saýlaw kodeksine laýyklykda, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir