Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Ahal welaýatynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda aýanlyk, açyklyk we deňhukuklylyk esasynda geçirilýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrülen nobatdaky saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde saýlawlaryň öňýanyndaky taýýarlyk işleriniň ähmiýeti uly boldy.
Ahal welaýatynda 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-inden saýlawlara taýýarlyk möwsümine guramaçylykly başlanyldy. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça welaýatda saýlaw okruglarynyň 15-si, welaýat halk maslahatynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 40-sy, etrap, şäher halk maslahatynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 1000-si döredildi hem-de olar baradaky maglumatlar metbugatda çap edildi. Dalaşgärleri görkezmek we bellige almak, olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklaryny guramak işine aýratyn ähmiýet berildi. Saýlaw uçastoklary bolsa degişli maglumatlar, gollanmalar we serişdeler bilen üpjin edildi. Bu zatlar Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň guramaçylyk derejesini şertlendirýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir