Nowruz ýyl senanamasyna gadam basmagy bilen tebigat janlanyp başlaýar. Baharyň güneşli mylaýym howasy daýhanlara ýere ýyly ýöreýänligini buşlaýar. Bu janlanyş, gözel özgeriş babadaýhanlary ele tohum alyp ekin meýdanlara çykmalydygyny habar berýär. Ekin meýdanlary ekişe taýýarlanyp, ýere tohum taşlanýar. Ekiniň hasyllylgy ilkinji nobatda tohumyň öz wagtynda ekilmelidigine baglydygy daýhan üçin gizlin syr däl. Hut şonuň üçin hem welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary gowaça ekişine badalga aldylar.Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň oba-hojalygyny ösdürmek, daýhanlara oňaýly iş şertlerini döretmek maksatly amala aşyrýan özgertmelerinden ruhlanan welaýatymyzyň daýhanlary, oba-hojalyk işgärleri, mehanizatorlary, ýaşulular säher bilen Saýat etrabynyň “Çekiç” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna ýygnandylar. Traktorlaryň, oba-hojalyk tehnikalarynyň, toý lybasynda bezelen giň ekin ýaýlasynyň daşky durky baýramçylyk dabarsyna beslenýär. Şu gün bu ýerde welaýatymyz boýunça “Ak pataň üçin sagbol, Arkadag” atly şygar bilen gowaça ekişine badalga berildi.Oba-hojalyk hünärmenleri oba-hojalyk tehnikalardan peýdalanmagyň usullary, gowaça tohumynyň görnüşleri, olaryň hasyllyk derejesi barada gürrüň berdiler. Gowaça ekişini geçirmegiň talaplary barada aýdyp geçdiler. Ak sakally gojalar körpeje çagalaryň içi gowaça tohumly gaplary gowşurmagy bilen, ýere tohum taşlap, gowaça ekişine “Ak pata” berdiler. Şondan soň Hormatly Prezidentimiziň alyp beren traktorlarynda köpçülikleýin gowaça ekişine girizildi.Bu gowaça ekişi bilen bagly geçirilen bu seminar maslahaty aýdym sazly çykyşlar bilen utgaşyp gitdi. Welaýatymyzyň çeper höwesjeňleriniň, sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere ýygnanalara baýramçylyk şatlygyny paýlady. Şu seminar maslahatdan soňra welaýatymyzyň ähli künjeginde gowaça ekişine badalaga berildi.