Nury bir gün Pöwrizede dynç alỳarka, gijäniň bir wagty oỳanyp, ukusy tutman, ỳekesiräp başlaỳar. Göni şo taỳdan Aşgabada pyỳadalap gaỳdyberỳär.
Ŷolda bir köpek muny ep-esli ỳere çenli kowalap süllümbaỳ derledỳär. Garaňkyda büdräp-sürçüp, aỳaklaryny gara gan edỳär. Daň atyp-atmanka öỳüne gelỳär. Nurynyň aỳak üstünde zordan durşuny gören aỳalynyň ỳüregi ỳarylaỳjak bolupdyr. Şonda Nury: “Her gün giç gelỳäň diỳip zeỳreneňsoň, şu gün bir ir geleỳin diỳdim.” diỳipdir.
Türkmen bagşylaryny öwrenmekde uly iş eden Akmuhammet Aşyry Nury öýüne alyp gidipdir. Barsalar öýüň dulunda bir kişi öli ýaly ýatyrmyş. Akmuhammet Aşyr o ýatany gaty içgin synlap başlapdyr. Nurynyň bolsa göwnibirmiş. Nury: “Täze bir balet ýazýan, “Ýusup-Züleýha” esasynda” diýip, pianinonyň başyna geçipdir, hezil edinip çalypdyr. Akmuhammet Aşyram lezzet alyp diňläpdir, emma göz gytagyny şo ýatandan aýyrmandyr. O ýatana birhili gümanly bakyp başlapdyr. Nury: “Türkmeniň sazy gaty baý, gaty çuň. Simfoniýa ýazjak diýip, kelle döwüp ýörmeli däl. Türkmen sazyny simfoniki orkestre akylly-başly geçirip bolsa, başga zat gerek däl” diýipdir. Akmuhammet Aşyr Nuryny diňläpdir, diňlese-de bir gözüni ýatandan aýyrmandyr. Onsoň o ýatan gabaklarynyň aşagyndan emaý bilen jyklapdyr weli, görse Akmuhammet Aşyr oňa hüwi ýaly bakyp otyr . Ýatan şo bada gözüni ýumupdyr. Gümany dogry çykan Akmuhammet Aşyryň oturyp mazasy bolmandyr.
Daşary çykylanda o kişiniň kimligini bilesi gelip Akmuhammet Aşyr Nurydan sorapdyr.
─Men-ä oňly tanamok. “Aýalym bilen uruşdym, az wagt bärde bolaỳyn”diýip geldi. Aýalyndan basylan meňkä geläýýä. Bu gelen indi üçünji bolýa.
Nury bilen aỳaly Moskwada bir konserte gidipdirler.Konsert Nura ỳaramandyr-da daşarky jaỳda kofe içip oturypdyr. Konsert gutaransoň aỳalyny görüp, ylgap baryp, geň galỳp:”Senem konserte geldiňmi?”diỳipdir.
Nuryny esgerlige aljak bolup çagyrýarlar. Bir kişi Nurydan: “Agramyň näçe?” diýip soraýar. Nury: “Altmyş” diýip jogap berýär. Şo mahal Nurynyň ýanynda duran dosty: “Altmyşyňam elli dokuzy saz” diýip söz goşýar.
Moskwada okaýarka, Nurynyň ýanyna meşhur ýazyjy Atajan Tagan barypdyr. Ol bir aýdymyň heňini başga bir aýdymyň heňi bilen garyşdyryp hiňlenipdir weli, Nury çydap oturyp bilmändir: “Atajan! hiňlenmäňi goýsaň, indiki stipendiýamy saňa bereýin.” diýipdir.
“Şu taýda bir goňşy gije-gündiz pianinosyny tyrňylladyp bizar edýär” diýip, Nurynyň goňşulary polisiýa arz edipdirler. Bir ýaş ýigit eli papkalyja, papagyny gaýşardyp gelip, Nurynyň öýüne girýär. Goňşular “Nähili bolarka?” diýşip jyklaşypdyrlar.
Polis Nura sorag baryny berip başlaýar. “Onda günäňizi boýun alýaňyz-da”. “Hawa-la.” “Näme saz ýazdyňyz?” “Aýnany”ýazdym” “Aýnanymy?” Bagyşla, agam, tanamadyk-sylamaz diýleni boldy. “Aýnany” ýazan bolsaň, gep gutardy. Goňşular göçüp gidibersinler”.
Hudoźnik Muhammet Berdiỳew ỳatlaỳar: “Nury neresse hassahana düşdi. Soramaga bardym.Ondan-mundan gürrüň edip otyrkak, Nury onbirdäki jaỳyndan zeỳrendi. ”Hem özümi heläk edỳän, hem goňşulary köseỳän. Jaỳymy düzedibilmän ỳörün.” diỳdi. Onsoň biriniň jaỳ çalyşỳandygyny aỳtsam, şo taỳdan göni jaỳ çalyşỳanyňka bile alyp gitdi.O jaỳam demirỳola ỳakyn ekeni welin, “Bu jaỳy alsam, wokzalda ỳaşan ỳaly bolaryn.” diỳip göwnemedi. Biçäre ölerin öỳtmeỳän ekeni. Soň ỳene birki günden barsam, “Bä-äỳ, bularyň göripligini. Ŷaňy Moskwadan bir dostum jaň edỳär. Bir konkursda Sowet Soỳuzy boỳunça meniň bir sazym ikinji ỳer alypdyr, üç aỳ öň habar edipdirler. Maňa bolsa bir sözem aỳdanoklar.Wah,bularmy...?! Boỳnumdan ỳokarym abat galsa bolỳa.”diỳdi. Nury şo wagtky uly ỳolbaşçynyň adyny tutup käỳindi. Sähel gündenem özi gidiberdi-dä.
Kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew ýatlaýar: “Men “Ýeňi ýoluk” filmimiň ssenarisini Nura okatdym. “Bu men hakda. Bu meniň ykbalym. Men muňa şeýle gowy saz ýazaýyn” diýdi. Biz kinony surata düşürip ýörkäk, Nury hassahana düşdi. Bir baramda: “O kinonyň sazy kellämde ýazylgy. Bir özüme gelsem, hassahanadan çyksam, gül ederin. Maňa üç günjük ýeterlik” diýdi. Yz ýanyndanam ýogalaýdy, pahyr”.
"DAGLAR ŶUMRULYP BEŶGELŶÄR"kitabyndan
ORAZ ŶAGMYR