Dünýe görmeý, tutgun
galsaň bir künçde,
Bady-paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut;
Çyn-Maçynda, Rumda,
Hindde, Hebeşde
Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut.

Aç hem bolsaň, barma ile dilege,
Diý: köşkde men,
başym barmyş pelege,
Çölde galsaň, hiç tapmaýan kölege,
Erem bagy içre gamsyz galdym tut.

Aş görende, özüň atma dillenip,
Gerçe aç hem bolsaň,
halka bellenip,
Zerler döküp, çyn
gullarny gollanyp,
Tiz hem ölseň,
Nuh ýaşyna geldim tut.

Mätäçligiň hakdan özge bilmese,
Ol rozugär besdir, açdan ölmese,
Hindi kimin egin örtiň bolmasa,
Patyşalyk puşeş çigne saldym tut.

Suwa, ýele hökmi geçen Süleýman,
Bak: olardan ne nam galdy, ne nyşan!
Teşne galyp, jaýyň bolsa çölüstan
Derýa içre men Isgender boldum tut.

Ýoldaş bolsaň dile düşmez mur bile —
Ýer tapmaýyn, bile ýatsaň mar bile,
Ýigrim alty keret ýüz müň är bile
Karun hazynasyn ele aldym tüt.

Magtymguly, çekseň jepa-jebir, bil –
Hudaga hoş geler, şükür-sabyr, bil,
Gylça jana gyzyl teni gabyr bil,
Gyzyl tiliň sözlär eken, öldüm tut.

Köneler, EdgarPo tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir