Nobatguly Rejebow.
ÝENE-DE DIL HAKYNDA.

Hondan bärsi bolýaň del geými geýip
Del kişiniň äheňinde sözleseň,
Beýiklikmi öz zadyňy har edip,
ÝA amanat alyp ýörmek özgeden?!

Ile öýkünýäris çagajyk ýaly,
Agtarman türkmene mukaddes täri.
Wah, biz bizkäk özgelere öýkünýäs,
Bizem il-ä dünýä döräli bäri.

Köneler, Acelya tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir