Nesibä gönükdirýän öwrümler
Beýle ýagdaýlaryň ýene bir hikmeti şunuň ýaly, mysal üçin, seniň mundan bu ýana gazanmaly rysgalyň indi başga ýerde goýlupdyr diýeli. Sen öwrenişen öňküje ýoluň bilen gidiberseň, igenç-teýeneden, gury sözdür gybatdan başga tapjak, gazanjak, aljak zadyň ýok. Dagda goýlan hazynany düzden, çölde gömlen hazynany deňizden gözleýän ýaly bolýarys. Edil A.P.Çehowyň “Garaňky jaýdan gara pişigi tapmak kyn, esasanam, şol jaýda şol pişik ýok bolsa” diýen sözleri ýadyňa düşýär. Ýazgytda ýok zady aljak bolup, käbir adamlar özlerini nähak ýere horlaýarlar. Hatda Eýýubyň teninden nesibesini iýen gurçuk hem togalanyp ýere düşüpdir. Eýýubyň oňa nebsi agyryp, öňki ýerinde
goýaýmazmy, ýyllara çeken derde döz gelip oturan Eýýup onuň soňky ýeke agyz awusyna çydaman uwlaberipdir. “Eý, Eýýup, ol nesibesini iýeninden soň ýere gaçdy, sen oňa nesibesinden artykmajyny iýdirjek bolýarmyň, ol bolmajak zatdyr” diýip, arşdan seda gelip-dir. Indiki rysgymyz başga ýerde goýlupmy, diýmek, şol tarapa gönükmelidir. Başga ýol ýokmy, diýmek, öwrülmelidir. Biziň öwrülen tarapymyz mak￾sada eltýän göni ýoldur. Ýolugra ýoldaş bolanlaryň biri: “Maňlaýyňa ýazylan bagt nirededir bir ýerde gizlenýän bolsa hem, seniň tapyp biljek ýeriňde gizlenýändir” diýipdi. Şonuň üçin ykbal her dürli sebäp, bahana döredip, bizi şol ýere gönüger ýaly edýär. Ýeri, onsoň özüňi hak ýola ataran adamlaryň hereketini ýamanlyk hasaplap bolarmy?
Belki, siz birbada halamarsyňyz..
Käteler ýönekeýje mysalam ýüregiňe jüňk bolýar. Arada tanyş sürüjile-riň biri bilen ýola düşdük. Ol: “Öýe-de ony-muny almalydyr, ýolugra pylan ýerdäki dükanlara degip geçeris-dä” diýdi. Agzalan ýere golaýlaberenimizde, ýol gözegçisi wagtlaýynça bu ýolda zerur bejeriş işleriniň dowam edýändigini, köçeden geçip bolmaýandygyny aýdyp taýagyny iki ýana galgadyp durdy. Bu ýagdaý uzak günüň argynlygyndan soň has ýakymsyz degýändir-dä, “Ah-ow, inim, gaýrat etde goýber, men sowlupjyk geçerin, hanha, hol görünýän dükana barjak“ diýip, janyny ýakyp başlady. Ýol gözegçisi: “Bolanok, ýaşuly, bolýan bolsa, bizem sizi saklap durjak däl. Ýollar gazylgy dur, wagtyňyzy ýitireniňizden, ol ýoldan sowlup sürüberiň. Aňry gitse, iki minut wagtyňyzy artyk sarp edersiňiz-dä” diýdi. Sürüji kese ýol bilen ugruny dowam etdi. Salym geçmänkä hem “Bäh, elmydama şol bir ýoldan gatnamaga endik edipdiris, munuň ýaly owadan zatlaryň bardygyndan bihabar ekenik. Ýogsa-da bu ýerde täze dükanam açylan ýaly-la, hany girip göreli” diýdi-de, ulagyny şol ýere sowdy. Gözüňe söweýin, allanäme dükan. Hojalyga, gündelik durmuşa degişli ähli zatlaryň söwdasy bar. “Bu-la hasam gowy boldy” diýip, tanyş sürüji gereginden mazaly ýüklendi. Soňam Hudaýa şükür etdi, sebäbi onuň ýanaşyk oturan birnäçe dükanlardan aýlanyp saýlamaly zady bu ýerde ýekeje dükanda ýeterlikdi. Durmuş, ine, edil şuňa meňzeş. Ykbal bize has
ajaýyp adamlaryň, has gözel ýerleriň, has oňat mesgenleriň, has süýji pursatlaryň başga ýerlerde hem bardygyny bilmegimiz üçinem şeýdýär. Ýeri, onsoň bizi has gowy ýola sowan şol gözegçä gahar etsek, dogry bolarmy? Ýogsamam, biz şol ýola sowlubam, hiç hili artykmaç wagt ýitirmedik, gaýta, isleýänimizden has gowusyny kösenmezden tapdyk,
barmaly menzilimize hem wagtynda ýetdik. Bu kybap ýagdaýlar ýamanlyk niýeti bilen edilse-de, ýagşylyk niýeti bilen edilse-de, birbada erbetlige ýa-da gowulyga ýorulsa-da, her kimiň zanny päkligine görä diňe ýagşylyk bolup ýetýär. Ol şol ýagdaýdaky zerurlyk – biz has gowy zatlary görmeli. Gurhanda “Belki, siz bir zady halamarsyňyz, (aslynda welin) ol siz üçin haýyrlydyr” diýilýär. Hut şeýle bolubam çykýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlary ýatlap otursaň, adamlaryň her bir hereketiniň ahyr soňunda saňa ýagşylyk bolup dolanýandygyna akyl ýetirip bolýar.

"Aýtmaly habarym bar..." kitabyndan
RAHMET GYLYJOW

Köneler, Acelya tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir