Häzirki döwürde Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan diýarymyz täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny üçünji müňýyllykda täzeden dikeldýär. Iki ýyl mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrunda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu gün bolsa bütin dünýä Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem, taslama gatnaşyjy doganlyk ýurtlarynyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen-owgan serhedinde ilkinji turbasyny goýmak, şol ugur boýunça optiki süýümli aragatnaşyk we elektrik geçirijileriniň düýbüni tutmak hem-de Turgundyda gurulan 13 kilometr demir ýolunyň açylyş dabaralarynyň şaýady boldy.
Bilşimiz ýaly, bu taslamalar oňa gatnaşýan ähli ýurtlara ykdysady wezipelerden başga-da, möhüm durmuş meselelerini çözmäge hem ýardam berer. Deslapky hasaplamalara görä, TOPH taslamasy Owganystana gazy göni iberilmeginden başga-da, diňe “mawy ýangyjyň” üstaşyr geçirilmegi üçin her ýylda ýurduň býujetine ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý serişdäniň gelip gowuşmagyny üpjün eder. Mundan başga-da, bu ýerde täze iş orunlarynyň 12 müňden gowragyny döretmek üçin şert dörär. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz bu gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çägindäki böleginiň gurluşygyny meýilnama laýyklykda üstünlikli alyp barýar. Bu taslamany durmuşa geçirmeklige gyzyklanýan maýadarlaryň sanynyň barha artýanlygy bolsa, onuň geljekde sebitiň ýurtlarynyň ykdysady ösüşine möhüm goşandyny goşjak esas bolup hyzmat eder diýmäge mümkinçilik berýär.
Biziň ýurdumyz elektrik energetikasy pudagynda döredilen goşmaça kuwwatlyklary nazara almak bilen, Ata Watanymyz Türkmenistan Owganystany, onuň üsti bilen owgan ulgamlary boýunça Pakistany elektrik energiýasy bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmaga taýýar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan taslamanyň çäklerinde ony eksport etmek boýunça täze halkara taslamany durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýar. Şeýlelikde, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak bilen bir hatarda, Owganystanyň elektrik energiýasyny alýan ýurtdan ony üstaşyr geçirýän hem-de sebitiň energetika ulgamyna gös-göni gatnaşýan ýurda öwrülmegine getirer.
Mälim bolşy ýaly, döwrebap ulag-aragatnaşyk infrastruktrasynyň bolmagy halkara söwdasyny ýokary derejä çykarmagyň häzirkizaman talaby bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz sebitiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrülýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda türkmen tarapynyň hemaýat bermegi netijesinde gurlup ulanylmaga berlen uzynlygy 13 kilometr bolan Serhetabat-Turgundy demir ýol ugrunyň açylmagy, şeýle hem optiki süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň düýbüniň tutulmagy hem, sebitiň ýurtlary bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň ynsanperwerliginiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, belent adamkärçiliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu taslama Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer. Bu ýurtda kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarylmagy üçin mümkinçilikleri açar.
Görşümiz ýaly, gözbaşyny taryhyň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan Beýik Ýüpek ýoly bu gün gaýtadan janlanýar! Türkmenistan diýarymyzda sebitiň ähli ýurtlary bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde - 2018-nji ýylda Ata Watanymyz hakykat ýüzünde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülýär.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir