“2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, Aşgabatda we sebitlerde howa gämileriň duralgalary gurulýar we ulanylmaga berilýär, hereket edýän aeroportlaryň, infrastruktura binalarynyň durky täzelenýär.
Türkmenistanyň Gündogar sebitiniň administratiw merkeziniň täze awiaulag toplumy Türkmenabat şäherinden 13 kilometr uzaklykda Aşgabat-Türkmenabat gara ýolunyň we Aşgabat-Kerki demir ýolunyň golaýynda ýereşýär. Lebap welaýatynda iri ulag ulgamy kemala geldi, ol sebitiň ilatyna hyzmatyň derejesini has-da ýokarlandyrar hem-de halkara we ýerli ugurlarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki täze aeroport toplumy sagatda 500 ýolagça hyzmat eder. Bu ýerde uçara garaşyp oturmak, petegi hasaba almak we uçara münmek üçin amatly şertler döredilipdir. Teleskopik traplar, maglumatlar tablosy, halkara aragatnaşyk nokatlary, el-goş saklanýan kameralar, poçta, amatly kafeterýalar, bufetler, paçsyz söwda dükanlary, CIP-zal ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.
Türkmenabatyň tutuş aerodrom toplumy ýaly ýolagçylar terminaly hem funksional mümkinçiligi boýunça ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýär. Bu ýerde çagaly eneler üçin otaglar, çagalar üçin oýunlar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegi otaglary, dermanhana we bölek satuw kiosklary, petek kassalary göz öňünde tutulan.
Eskalatorlardyr, liftler üç gatly bina münüp-düşmek üçin amatlydyr. Uçaryň gonýan we uçýan zolaklarynyň dürli gatlarda ýerleşmegi netijesinde ýolagçylar akymy biri-birine gabat gelmeýär. Teleskopik traplar bilen ýolagçylar göni howa gämisine düşýärler.
Toplumyň düzüminde howa hereketini dolandyryş diňi, badalga dispetçer nokatlary bar. Şeýle-de uçarlaryň ekipažlary üçin myhmanhana we beýleki binalaryň onlarçasy bar. Türkmenabatda täze halkara aeroportunyň ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzyň awiasiýasynyň mundan beýlägem sazlaşykly ösmegine, özara peýdaly söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň, syýahatçylygyň işjeňleşmegine, ýurdumyzyň dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder.
TÄZE AEROPORT TOPLUMY
-
Lebaply-95
6 years ago
- Dashary yurtlarada ucup bolyamyka? Haysy sheherlere?
ONLINE2 6 years ago- Ine