Hususy habarçymyz Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkeziniň direktorynyň orunbasary Gurbangeldi Atabaýew bilen söhbetdeş bolduk.
Ýurdumyzda energetika pudagy şu günki gazanylýan uly ykdysady üstünliklerimiziň, gelejekde ýetmeli belent sepgitlerimiziň berk binýady hasap edilip, energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we maddy – enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýagny, 2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda paýtagtymyzda dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan wekilleriň gatnaşmagynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiнде Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edilip, onda energiýanyň ygtybarly häzirki çeşmeleriniň giňden, elýeterli bolmagynyň ähli ýurtlaryň okgunly ösmegine olaryň halklarynyň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenilip geçildi.
Şu gün ýagny, 2018-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň, Türkmenistanyň çäginden OYR-na geçýän böleginiň açylyş dabarasy boldy. Döwletimizi ykdysady-syýasy taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmek hem-de “TOPH” gaz geçirijisiniň we beýleki gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns bermek ýurdumyzyň syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ugurdan alnyp barylýan öňdengörüjilik syýasat еnergetika, nebit-gaz pudagynda häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumyny dolandyrmagyň ulgamyny düýpli üýtgetmegi maksat edinýär. Umuman, munuň özi pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, içerki bazaryň energiýa serişdelerine bolan artýan islegini kanagatlandyrmaga ýardam eder. “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Ýurdumyzda geljegi uly bolan ýangyç-energetika pudagyna maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüş tapgyrlary täze başlangyçlara itergi bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi bellenilen kuwwatlylygy 5178,4 MWt bolan onlarça döwlet elektrik stansiýalary işläп, türkmen elektrik energiýasy goňşy döwletlerimiz Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýär. Geljekde bolsa, Pakistan, Täjigistan ýaly döwletlere hem satmak göz öňünde tutulýar.
Elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, güýjenmesi 500 kV bolan “Atamyrat” podstansiýasy işe girizildi. 220 kV “Watan” hem-de “Farap” podstansiýalarynyň durkuny täzelemek işleri üstünlikli durmuşa geçirildi. Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň açyk paýlaýjy gurluşyndan “Atamyrat” podstansiýasyna çenli güýjenmesi 500 kV bolan howa elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy tamamlandy. “Atamyrat” podstansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli güýjenmesi 500 kV bolan howa elektrik geçirijisi çekildi. Şonuň ýaly-da, “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” transmilli gaz geçirijisiniň ugrunda kuwwatly elektrik geçiriji ulgamy gurmak meýilleşdirilýär. Bu gaz geçirijisiniň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ol energiýany Pakistana hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň üsti bilen Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer.
“Ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin täze kuwwatlyklary işe girizmek göz öňünde tutulып, 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilýän umumy möçberi 33 mlrd. kilowatt/sagada ýetirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurluşygy dowam edýän möhüm ähmiýetli “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurulmagy golaý ýyllarda berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini has-da belent derejelere çykarar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde geçirijilik ukyby ýylda 33 milliard kub metre barabar bolan turba geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen bölegini çekmeklik güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Şu geçirijiniň ugry bilen Pakistan döwletine çenli elektrik energiýasyny geçirýän kuwwatly ulgamy gurmak hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Bu taslamanyň gurulmagy tutuş sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösmegine-de uly goşant bolar.