Ulgamlaýyn Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarynyň hataryna girýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, türkmen energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen köpugurly turba geçirijiler düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynynyň ykdysady taýdan ösüşine, ählumumy parahatçylygyna, howpsuzlygyna we durnukly ösüşiň bähbidine netijesine itergi berer.
Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 1.814 kilometrden ybarat we ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metrden gowrak bolan TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň Günorta-gündogar künjeginden badalga alar. Ol ýerde ýurdumyzyň ägirt uly gaz känleri ýerleşendir. Owganystanyň we Pakistanyň çylşyrymly tebigy-howa şertlerinden geçmek bilen, ol Pakistan-Hindistan serhedindäki Fazilka ilatly ýerine barar.
Bu taslamanyň ykdysady zerurlygy Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza bolan ýokary isleg bar. Biziň ýurdumyzda dünýä ähmiýetli tebigy gaz gorlarynyň ägirt uly möçberleriniň bardygyny umumy ykrar edilen, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tassyk etdi. Bu bolsa Türkmenistana özüniň tebigy gazyny ähli ugurlar boýunça uzak möhletleýin esasda ugratmaga bolan kepilligi üpjün edýär.
Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň ykdysady bähbitden başga-da, birnäçe durmuş we ynsanperwerlikli, şol sanda goşmaça iş orunlaryny, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine ýardam berjekdigini bellemeli. Gaz geçirijiniň tutuş sebitde syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirjekdigi has-da möhümdir.