Şan-şöhratly Mary topragynda taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak şanly waka – Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan trans milli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat – Turgundy täze demir ýoluny açmak mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Bu taryhy waka örän uly syýasy we ykdysady ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu gaz geçiriji häzirki zaman gaz-ulag düzüminiň möhüm bölegi bolar, Türkmenistan bu düzümleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegleri hasaba almak bilen döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli, sebit, halkara ähmiýetli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu gün bolsa Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri hem-de ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde ulag hem-de üstaşyr geçirijiler boýunça alnyp barylýan işleriň özi täze mazmuna, täze öwüşgine eýe bolýar. Milli Liderimiziň tagallalalary bilen ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sebitiň, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýär, ähli ulgamlarda ykdysady binýadyň, doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň has berkemegine ýardam berýär. Her bir döwletde ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmek, ýurtda alnyp barylýan maýa goýum syýasatyna bagly bolup durýar. Işjeň maýa goýum syýasatynyň ýola goýulmagy durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Döwletimizde nebit-gaz pudagyna goýulýan serişdeleriň artmagy ýurdumyzyň eksport kuwwatyny doly derejede ulanmaga mümkinçilik doredýär. Ýurdumyzda logistik ulgamynyň ösdürilmegi bolsa, häzirki döwürde sebitleri, ýurtlary, yklymlary birleşdirjek ulgam bolup, medeniýetiň, ykdysadyýetiň, ylym-bilimiň, syýasatyň, halkara diplomatiýasynyň, umumy adamzadyň ösüşine itergi berer. Döwletimizde kämil aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi, bazar ykdysadyýetiniň has-da çuňlaşmagyna, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýulmagyna, ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmäge uly mümkinçilkler döreder. Şol bir wagtyň özünde türkmen işewürleriniň öndürýän ýokary hilli önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga hem giň ýol açylar. Netijede Türkmenistan döwletimiziň globallaşýan dünýä ykdysadyýetine, halkara häsiýete eýe bolan bazara goşulyşmak işleriniň depginini has-da güýçlendirer. Milli Liderimiziň parasatly ýörelgelerinden ugur alýan mähriban halkymyza „Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregiˮ diýlip yglan edilen, Täze 2018-nji ýylda hem üstünlikler ýar bolsun! Bize şeýle ajap zamanany gurup beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!