2018-nji ýylyñ 14-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiziñ gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniñ G.Kulyýew köçesiniñ iki tarapynda häzirki zaman işewürlik merkezleri-edara binalary we söwda merkezleri dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda aýna önümleriniñ önümçiligi boýunça kärhananyñ açylyşy boldy. Täze işewürlik toplumynyñ gurulmagy üçin umumy meýdany 69 gektara deñ bolan ýer bölegi Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesine bölünip berildi. TSTB-i taslama 1 milliard manat maýa goýumyny gönükdirip, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ýüze golaý binany ulanmaga bermäge doly taýýarlady. Häzir Aşgabat dünýäniñ okgunly ösýän gözel paýtagtlarynyñ hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Şäher ilatynyñ oñaýly ýaşamagy hem-de önjeýli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek oñyn ösüşinde esasy ýörelgeleriñ biridir. “Täze zaman” ýaşaýyş toplumy muña aýdyñ mysaldyr, ony gurmagyñ nobatdaky tapgyrynyñ çäklerinde bir gatly döwrebap jaýlaryñ 320-si hem-de iki gatly döwrebap jaýlaryñ 64-si ulanylmaga berildi. Mundan başga-da beýleki zerur durmuş-ykdysady şertler döredildi. Şeýle hem soñky wagtda paýtagtymyzyñ Çoganly obasynda täze ýaşaýyş toplumy emele gelýär. “Parahat-7” etrapçasynda köp gatly ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Geçen ýyl paýtagtymyzy gurmagyñ 15-nji tapgyrynyñ çäklerinde kottej ýaşaýyş toplumy bina edildi. Aşgabadyñ günorta böleginde-de açyldy we beýleki ähli täze ýaşaýyş toplumlarynda durmuş-medeni maksatly hem-de döwrebap durmuş düzümli desgalary bolan täze etraplar kemala geldi. Işewürlik üçin has amatly ýagdaýlaryñ döredilmegi ýurdumyzda telekeçiligiñ işjeñ ösdürilmegine uly ýardam berýär. Ýurdumyzyñ Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniñ işewür düzümleriniñ wekilleri toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeñ gatnaşyp, eziz Watanymyzyñ ykdysady kuwwatyny berkitmäge mynasyp goşant goşýarlar. Şunda gurluşyk pudagy telekeçilik işiniñ batly gadamlar bilen ösýän ugurlarynyñ birine öwrüldi. Häzir ýurdumyzyñ dürli sebitlerinde hususy gurluşyk kärhanalary täze ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we beýlekileri ulanmaga berýärler. TSTB-niñ agzalaryna obany ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryñ ornuny tutýan we eksporta ugrukdyrylan pudaklaryñ ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalaryñ çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe desgalaryñ gurluşygy ynanyldy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir