Sport göreşi – göreş sportynyň başa-baş söweş görnüşi bolup, ol ýörite düşekçäniň üstünde alnyp barylýar. Sportyň bu görnüşinde dürli emeller, mysal üçin, hüjüm etmek, zyňmak, ýykmak ýaly emelleri ulanmaga rugsat berilýär. Sport göreşiň esasy maksady garşydaşy düşekçäniň üstünde arkasyna zyňmakdyr. Sport göreşi öz taryhyny has gadymdan alyp gaýdýar. Muňa 15 000 ýyl mundan ozal Fransiýanyň gowaklarynda çekilen suratlar şaýatlyk edýär. Göreşiň häzirki zaman taryhy ΧΙΧ asyrda sportyň ýaýramagyndan gözbaş alýar. Göreşiň ösüş taryhynyň netijesinde täze usul, ýagny grek-rim göreşi döreýär we 1896-njy ýyldan bäri Olimpiýa maksatnamasyna girizilýär. Häzirki wagtda sport göreşiniň grek-rim we erkin göreş usullary bar. Göreşiň erkin usulynyň grek-rim görnüşinden esasy aýratynlyklary, grek-rim göreşinde garşydaşy bilinden aşakda gysmak, badak atmak ýa-da emellerde aýaklary ulanmak düýbünden gadagan edilýär. Erkin göreşinde bolsa, garşydaşy aýaklaryndan gysmak, oňa badak bermek we emellerde aýaklary ulanmaga rugsat berilýär. Sport göreşi Türkmenistanda hem ýaşlaryň arasynda iň bir ösen we üns berilýän sport görnüşleriniň hatarynda tanalýar. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri sportyň bu görnüşi boýunça üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olara mysal edip, Saparmyrat Myradow, Batyr Orazgylyjow, Ali Seýhow, Mekan Orazow, Batyr Borjakow, Döwletmyrat Orazgylyjow, Syhazberdi Öwelekow dagylary aýtmak bolar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir