Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde şygryýet agşamy geçirildi, oňa fakultetleriň ählisiniň talyplary gatnaşdylar. Agşamda Gurbannazar Ezizowyň, Robert Býornsyň, Sergeý Ýeseniniň we Takamuro Kotaronuň goşgulary okaldy. Hut şu şahyrlaryň eserleriniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Şygyrýet äleminiň bu dört ussady- Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde talyplaryň öwrenýän dillerinde eser döreden ajaýyp şahyrlardyr. Şeýle çäreleriň geçirilmegi diňe bir talyplaryň öwrenýän dillerinde söz baýlygyny artdyrman, eýsem halklaryň medeni ýörelgeleri bilen hem tanyşmaga mümkinçilik berýär. Talyplar goşgulary asyl nusgasynda okadylar we beýik şahyrlaryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda türkmen, rus, iňlis we ýapon dillerinde taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi. Äpet ekranda Türkmenistanyň we Russiýanyň, Gün Dogýan ýurduň we Ümürli Albionyň ajaýyp manzarlary janlandyryldy. Aýdym-sazly şygryýet agşamynyň myhmanlarynyň arasynda opera we sahna ýyldyzlary Atageldi Garýagdyýew, Aýgül Ýagşyýewa hem-de Gülşirin Annamyradowa dagy bardy. Olar zehinli talyplaryň çykyşlaryna ýokary baha berip, daşary ýurt dillerini öwrenmekde olaryň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýändiklerini aýtdylar we agşamda iň gowy eserleri bilen çykyş etdiler. Ýaponiýanyň Sukuba Uniwersitetiniň mugallymy--türkmen talyplarynyň halypasy Takaşi Tanaka we onuň aýaly tanymal artistler bilen birlikde talyplaryň döredijilik we dil üsütnliklerine baha berdiler. Jenap Tanakanyň belleýşi ýaly, edebi bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi daşary ýurt dillerini gowy bilýändiklrini we labyzly goşgy okamaga başarnyklaryny görkezip, onuň ynamyny ödediler. Talyplaryň özi-de seýle döredijilik bäsleşikleriniň bilim almakda we gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýetlidigini belleýärler. Mälim bolşy ýaly, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň innowasion ýokary okuw mekdebi derejesi hünärmenleri taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşilmegine we okuwyň ylym, önümçilik we telekeçilik bilen ýakyn arabaglanşygyna esaslanýar. Ýokary okuw mekdebini döretmegiň ileri tutulan maksady--diňe bir bilim edaralary bolman, eýsem wajyp ideýalary emele getirip, iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge, tejribe alyşmaga ukyply ylmy-barlag işlerini işjeň alyp barýan dünýäniň öňdebaryjy okuw jaýlarynyň hataryna girmegini göz öňünde tutýar. Uniwersitetde ylmy barlaglaryň netijelerini milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň önümçilik ulgamlaryna ornaşdyrmaga gönükdirilen ýaşlaryň ylmy gözlegere islegini höweslendirmäge uly üns berilýär. Geljekki hünärmenler daşary ýurt dilleriniň üçüsini--iňlis, ýapon we rus dillerini öwrenmegi bilen birlikde kär ugrundan bilim alýarlar. Bu ýerde okuwyň möhletiniň bäş ýyldygy göz öňünde tutulyp, talyplaryň dil taýýarlygynda aňryçäk gowy netije gazanmagy üçin iň netjeli usullardan peýdalanylýar. Talyplar birinji okuw ýyly türkmen hem-de daşary ýurt dilleriniň ikisini --iňlis we ýapon dillerini çalt depginlerde öwrenýärler, sondan soňky okuwlar şu dillerde geçilýär. Ikinji ýyldan başlap, talyplar rus dilini öwrenmäge girişýärler. Bilim işiniň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmak üçin sanly okuw ulgamynda elelktron serişdeleri işjeň ulanmak göz öňünde tutulýar. Dil ugry barada aýdylanda bolsa, talyplaryň halypalarynyň belleýşi ýaly, tehniki ýokary okuw mekdeplerinde “hünär dilini” öwrenmek möhüm wezipe hasaplanylýar. Dünýä tejribesinde bu ugra “ýörüte maksatlar üçin dil” diýilýär, häzirki zaman barlaglarynyň ençemesi şu kysmy bilim bermegiň netijelidigini subut etdi. Takaşi Tanaka bilen bilelikde ýaş türkmen filologlary-da ýapon dilini öňwredýärler. Olaryň arasynda D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bar. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň bu täze ýokary okuw mekdebi bilen uzak möhletleýin ylalaşyk baglaşylan Sukuba Uniwersitetinden mugallymlar toparynyň gelerine garaşylýar. Olaryň ýolbaşçylygynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň talyplary maglumatlar kommunikasiýa tehnologiýalary, robot tehnikasy, biotehnologiýa, elektronika we nanoelektronika, materiallary öwrenmek, täze materiallaryň tehnologiýalary we beýleki ugurlar boýunça ýapon dilini özleşdirerler.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir