Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bimöçber aladalar bilen türkmen medeniýeti, sungaty belent sepgitlere ýetirilýär. Ýaňy-ýakynda türkmen toýlarynyň bezegi bolan “Küştdepdi” BMG-nyň bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisinde adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, bu barada çözgüt kabul edildi. Eziz Arkadagymyz bu hoş habary türkmen halkymyza ýetirende, bu habar ähli watandaşlarymyzy buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda milli medeniýetimiziň ajaýyp nusgalaryny nesilden-nesle geçirmek işleri netijeli alnyp barylýar. Türkmen tans sungatynyň aýrylmaz bölegi bolan küştdepdiniň aýdym we tans dessury hökmünde kabul edilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ynsanyň ruhuny belende göterip, oňa joşgun berýän küştdepdi tansy ýerine ýetirilende, hökman gazal çekilýär. Gazalyň mazmunyna görä küştdepdi tansy hem göze gelüwli hereketler bilen utgaşdyrylýar. Küştdepdi aýdym we tans dessury halkymyzyň şöhratly geçmişinden gözbaş alyp, bagtyýar şu günümizde täze keşbe eýe boldy. Küştdepdi tansy ezber tansçylarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde we beýleki iri çärelerde ussatlyk bilen çykyş edip, milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny wagyz edýärler. Türkmeniň küştdepdi tansy halkyň aňynda, kalbynda ýaşaýan janly sungat eseridir.