Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ýurdumyzyň durnukly ykdasady ösüş ýolunda halkymyzyň azyk üpjinçiligini has-da pugtalandyrmakda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan hem-de azyk bolçulygyny döretmekde möhüm orny eýeleýän oba hojalyk toplumyny ylmy esasda hemmetaraplaýyn düýpli özgertmäge aýratyn üns berilýär. “Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2018-2024-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bu babatda durmuşa geçirilmeli işleriň anyk ugurlary kesgitlenilýär. Halkymyzyň azyk önümlerine hem-de senagat çig mal serişdelerine bolan isleglerini ýerli önümçilikleriň hasabyna üpjin etmek,sarp ediş bazaryna daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlaryny özümizde öndürilýän,ýokary hilli,tebigy taýdan arassa önümler bilen çalyşmak, şeýle-de ýer hem-de beýleki tebigy serişdeleriň önüm berijiligini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň agrar syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarydyr. Munuň şeýledigine bazarlardaky, söwda nokatlaryndaky näz-nygmatlaryň bolçulygyny synlanyňda, ilatymyzyň ter gök-bakja, üzümdir miwe önümleri bilen üpjin etmek barada edilýän aladalaryň ýerine düşýändigine göz ýetirýärsiň. “Ýurdyň ýagdaýyny biljek bolsaň, bazaryna baryp göräýmeli” diýip, hak aýdylan gep bar. Çünki islendik ýurduň bazarynda şol döwletiň diňe bir maddy ýagdaýyny däl, eýsem halkynyň medeni ahwalatyny-da hiç bir şübhesiz görmek bolýar. Bazaryň dürli harytlardan, islendik azyk önümlerinden dolup durmagy ýurtdaky bolçulygyň alamaty bolsa, arassalygy, tertipliligi, satyjynyň özüni alyp barşy jemgyýetiň intellektual derejesiniň aýnasy bolup durýar. Bazary daýhan zähmetiniň mizany diýip atlandyrmak hem ýalňyş bolmasa gerek, çünki onda ekin meýdanlarynda dökülen deriň eçilen düri ap-aýdyň görünýär. Şu nukdaýnazardan, hemişelik Bitarap Watanymyzyň haýsy künjegindäki bazara barsaň bar, türkmen daýhanynyň janypkeşligi, merdanalygy, işbaşarjaňlygy baradaky pikirler bada-bat seriňe dolýar. Bazarlara bezeg berip, göreniň gözüni dokundyrýan ak-gök ekinleriň hasyllarydyr bakja önümleriniň, dürli miweleriň ählisinde daýhan yhlasynyň myradyny görmek bolýar. Näz-nygmata baý bazarlarymyzy synlap ýörşüňe, Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi daýhanlarymyza berýän ýakyn ýardamlary hem-de “Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmekden hem-de bäsleşige ukyply, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermekden ybaratdyr” diýen sözleri seriňe dolýar. Çünki, döwlet Baştutanymyz daýhanlar üçin döredýän ählitaraplaýyn ýeňillikleri bolmazdan, bazarlardaky bu bereketi göz öňüňe getirmek kyn bolardy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilaty gyşyn – ýazyn ter gök önümleri bilen üpjin etmek maksady bilen ýyladyşhana hojalyklarynyň işi talaba laýyk ýola goýulýar. Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň çäklerinde ýerleşýän ýyladyşhana hojalyklarynda öndürilýän ter gök önümler bazarlarymyzyň bezegi,ilatyň iň arzyly harytlary bolup durýar. Şeýle hem Lebap welaýatynyň çäginde sowadyjy ammarlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi guwandyryjydyr. Onda oturdylýan enjamlar awtomatiki ýagdaýda gerekli ýylylygy we çyglylygy saklamaga ukyply. Ammarlaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ýerlerde miwe, gök we bakja ekinleriniň ekilýän meýdanyny artdyrmaga, ýylyň dowamynda ilatyň bu önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Durmuş gözelliklerini döredýän türkmen daýhanlarynyň maddy we ruhy dünýäsi ösüşleriň, özgerişleriň täze belentliklerine göterilmegi, tebigy kanunalaýyklykdyr. Çünki ýurdumyzda edermen daýhanlarymyzyň halal zähmetine döwlet tarapyndan belent sarpa goýulýar. Olaryň öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.