Ýagny, 2003-nji ýylda «Altyn asyr» halysy dünýäde elde dokalan iň äpet haly hökmünde (301 m2), 2008-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde gurlan Baýdak sütüni (133 metr), 2010-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda gurlan Oguzhan suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyna girýän Oguz hanyň ýyldyzy iň uly binagärlik ýyldyzy hökmünde (211 metr), 2012-nji ýylda «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň syn ediş çarhy iň uly ýapyk çarh hökmünde (57 m2), 2013-nji ýylda bolsa dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde, Aşgabat şäheri Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de, 2015-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Ak öý» binasynda 4 müňden gowrak adamyň aýtmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, diňe öňe, jan watanym Türkmenistan!» diýen aýdymy ýerine ýetitildi. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bolsa, 2016-njy ýylda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň täze halkara howa menzili «Iň uly göl» (705 m2) adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy bilen ady agzalan rekordlar kitabyna girizildi. Bulardan başga-da, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde şeýle-de şol ýyl Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň hasda artmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.