بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz Gurbanlyk barada bolar. Kurban sözi Arapçada “ýakynlaşma” hereketini bildirýän “krb” kök işliginden ýasalan bir at bolup, sözlükde “Alla Tagala ýakynlaşdyrýan zat; özi bilen Alla ýakyn bolunýan zat” manylaryny berýär. Bu manyda alanymyzda Kurban sözi, dińe bir haýwan jynsy bilen çäklenmän, eýsem Alla Tagala üçin gurban etmeklige mynasyp bolan ähli zady öz içine alýar we buny ýerine ýetirme işi-de “karrabe lillähi kurbänen” mysalyndaky ýaly gönümel bu kökden ýasalan “karrabe” işligi bilen berjay edilýär. Kurany Kerimde Hezreti adamyń iki oglynyń Alla Tagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýar. Bu bolsa, tefsir alymlarynyń açyklaýyşlary ýaly olaryń biriniń haýwan beýlekisiniń bolsa ak ekinden gurban berendiklerine delalat edýär. Biziń ińńän ýakyn we gowy görýän zatlarymyz üçin aýdýän “gurbanyń bolaýyn”, “jänym gurban bolsun” we “gurbanyń gideýin” ýaly sözlerimiz-de, gurban sözüniń haýwanyń daşyndaky zatlary hem öz içine alýan sözlükdäki manysyna görä ulanylyşydyr. Gurbanyń adalga manysy bolsa Yslam çeşmelerinde şeýle berilýär: “Ybadat maksady bilen, belli wagtlarda, öńe sürülen şertlere laýyk bolan haýwanyń usulyna görä damagyny çalmak ýa-da bu görnüşde damagy çalynan haýwandyr”. Taryhy Kurany Kerimde Hezreti Adamyń iki oglunyń Alla Tagala gurban berendikleri barada gysgajyk agzalyp geçilýär. Bu gurbanlaryń Adam Atanyń ýer-ýüzüne inderilmesinden sońra berilen ilkinji gurbanlar bolanlygyny ýa-da olaryń hem bu ybadaty öz kakalaryndan öwrenip ýerine ýetirendiklerini aýtmak mümkindir. Her iki ýagdaýda-da gurban berme ybadatynyń tä Adam Atadan bäri berjaý edilendigi orta çykýar. Kurany Kerimde Hezreti Ybraýym bilen ogly Ysmaýylyń arasynda bolup geçen gurban wakasy şeýle habar berilýär: “Ybraýym: “Rebbim mańa salyhlardan boljak bir ogul bagşet” diýdi. Biz hem ońy terbiýeli bir ogul bilen begendirdik. Haçan-da ogly özi bilen işe başlan çagynda Ybraýym: “Eý oguljygym! Men düşümde seni gurban edýänligimi görýärin, muńa näme diýersiń?” diýdi. Ogly bolsa: “Kakamjan! Sańa näme emredilýän bolsa şony hem ýerine ýetir! Enşalla sen meniń sabredenlerden biridigimi görersiń” diýdi. İkisi hem Allań emrine kaýyl bolan wagtynda, (Ybraýym) ony tutup mańlaýüsti (ỳüzünligine) ýatyrdy. We biz ońa “Eý Ybraýym! Sen hakykatdan hem düşi tassykladyń” diýip seslendik. Biz ýagşy hereket edenleri ine şunuń ýaly sylaglarys. Takyk bu agyr we äşgär bir synagdy. We bunuń ýerine ońä uly bir gurmanyk berdik.” (Saffat 37/100-107) Yslam çeşmelerinde “zebh kyssasy” diýip bilinýän bu wakanyń meýdana geliş şekli şeýle suratlandyrylýär: Ybraýym öz ogluny gurban etmelidigine göz ýetiren wagty, “Eý oglum, ýüp bilen pyçak al, pylan ýere odun ýygnamaga gideli” diýýär. Haçanda olar gurban ediljek ýeriń ýarpy ýoluna baranlarynda, kakasy ogluna, Alla Tagala tarapyndan özüne berlen bu emri açyklaýär. Şonda ogly: “Kakamjan, çyrpynmazlygym üçin elimi- golumy gowy edip bagla. Ganymyń üstüne syçramazlygy we ejemiń ony görüp gynanmazlygy üçin, eşiklerimi uzagyrakda goý. Ýeńil bolmagy üçin pyçagyńy gowja çal we onuń bilen bogazymy derrewjek kes. Çünki ölüm kyn zatdyr. Ejeme salam aýt, eger köýnegimi ejeme bermek isleseń, ber. Belki bu ońa bu işi ýeńilleşdirer” diýdi. Ybraýym hem “Oglum, Alla Tagalań emri babatynda ne gözel kömekçi sen” diýdi. Sońra her ikisi-de hapa bolup, kakasy ony dańylgy ýagdaýda öpmek isledi, sońra-da pyçagy bogazyna daýady. Bu pursatda ogly: “Meni ýüzünligine ýatyr. Çünki ýüzüme seredenińde, mańa dözmezçiligiń iner. Kalbyń ýumuşar. Şeýdip hem bu, seniń Alla Tagalanyń emrini ýerine ýetirmekligińe päsgel bolar” diýdi. Hezreti Ybraýym hem onuń aýdyşy ýaly edip, pyçagy ýeńsesine daýap kesmek isledi, emma pyçak kesmedi. Şol pursatda-da “Ybraýym! Sen düşüńi tassykladyń ...” diýip ýüzlenildi. Hezreti Ybraỳym Pygamberiń Kurany Kerimde beỳanyny tapan bu gurban berme wakasy şu taraplardan alanyńda örän ähmiỳetlidir. Birinjisi: Gurban berme işiniń “karrabe” işligi bilen däl-de “damak çalma” manysyny berýän “zebh” işligi bilen getirilmegi, mundan sońra bu ybadatyń damak çalyp berjaý edilmelidigini anyklaşdyrýär. Ýene Gurban edilmesi üçin Hezreti Ysmaýylyń ýerine bir goçuń iberilmegi, mundan sońraky damagy çalynjak gurbanlaryń dińe haỳwan jynsyna mahsus edilenligini bildirýär. İkinjisi: Gurban ybadatyndaky esasy maksadyń, Allanyń emrine boỳun bolmak we jandan eỳ görỳän zadyńy hem Onuń ỳolunda pida etmek arkaly, Ońa bolan söýgi we takwańy beỳan etmekdigi aýdyńlaşdyrylýär. Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun.