بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyzşaýatlyk etmekbarada bolar. Bir wakany görüp, degişli ýerinde ony gürrüň beren adama şaýat diýilýär. Yslamda şaýatlyga uly ähmiýet berilýär. Çünki şikaýatlaryň subut edilmeginde iň ähmiýetli delillerden birini şaýatlar emele getirýändir. Şaýatlyk etmekaslynda dini bir borçlulykdyr. Adalatyň öz ýerini tapmagynda we hakykatyň orta çykmagynda şaýatlaryň şaýatlyk eden wakalaryny dogry we dürs düşündirmekleriniň uly ähmiýeti bardyr. Munuň bilen baglanyşykly Kurany Kerimde şeýle buýrulýar: وَلاَ تَكْتُمُواْ الشَّهَادَةَ وَمَن يَكْتُمْهَا فَإِنَّهُآثِمٌ قَلْبُهُ وَاللّهُ بِمَا تَعْمَلُونَ عَلِيمٌ “...(Eý, şaýatlar, bergidarlar!) Şaýatlygy gizlemäň! Kim ony (şaýatlygy) gizlese, onuň kalby (niýeti bilen eden bu işi zerarly, ol kişi) günäkärdir. Allah siziň edýän işleriňizi bilýändir.” (Bakara sür. aýat 283) Hezreti Pygamberimiz Muhammet (S.A.W) hem özüne şikaýat edilip gelenlerinde, ilki bilen iki tarabyňam şaýat getirmeklerini talap edipdir. Adalatyň üpjin edilmegi we hukugyň goralmagy meselesinde ähmiýete eýe bolan şaýatlyk wezipesini ýerine ýetirjek kişileriň tabyn bolmagy zerur bolan birnäçe esaslar bardyr. Şonuň üçinem yslam hukukçylary tarapyndan bellenen, şaýatlarda bolmagy zerur bolan bu şertleri “şaýadyň adyl bolmagy” esasy bilen açyklamak mümkindir. Aýratynam şaýatlaryň dürs, ygtybarly/ ynamdar we adamkärçilikli bolup bolmandyklaryna seredilýär. Bu işi “ynamdarlylyk soraşdyrylmasy” şeklinde atlandyrmak mümkindir. Kurany Kerimde jennetlikleriň aýratynlyklary sanalanda, bularyň arasynda ýalan şaýatlyk etmedikler sözi hem bardyr. Degişli aýatda şeýle buýrulýar: وَالَّذِينَ لَا يَشْهَدُونَ الزُّورَ وَإِذَا مَرُّوا بِاللَّغْوِمَرُّوا كِرَاماً “Olar ýalana şaýatlyk etmezler, ýerliksiz sözlere duş gelenlerinde bolsa, agraslyk bilen geçip giderler.” (Furkan sür. aýat 72) Başga bir aýatda bolsa Beýik Allatagala, şaýatlygyň dos-dogry edilmegini buýurýar: وَأَقِيمُوا الشَّهَادَةَ لِلَّهِ “Şaýatlygy Allah üçin dos-dogry berjaý ediň.” (Talak sür. aýat 2) Beýik dinimiz Yslam, ýalan sözlemäni we ýalan şaýatlyk etmäni haram edipdir, dünýäde-de ahyretde-de rahatlyk, bagtlylyk we aýdyňlygyň dogrulykdadygny bildiripdir. Kuranda şeýle buýrulýar: يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا اتَّقُوا اللَّهَ وَقُولُوا قَوْلاً سَدِيداً {70} يُصْلِحْلَكُمْ أَعْمَالَكُمْ وَيَغْفِرْ لَكُمْ ذُنُوبَكُمْ وَمَن يُطِعْ اللَّهَ وَرَسُولَهُفَقَدْ فَازَ فَوْزاً عَظِيماً “Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň we dogry sözläň! (Bu sebäpli) Allah siziň işleriňizi ugryna eder we günäleriňizi geçer. Kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, ol örän uly üstünlige ýeter.” (Ahzab sür. aýat 70-71) Dogrulyk adama kalp rahatlygyny berýärkä, ýalan we ýalan şaýatlyk, adaty bir adamy aladalar, gaýgylar içinde goýýar. Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) şeýle buýurýar: “Kalp dogrulykdan rahatlyk, ýalandan bolsa ejir çeker.” (Tirmizi, Kyýamet, 60, 4, 668) Ýalan sözleýän kişi, bu ýalanyň iru-giç ýüze çykjakdygny ýadyndan çykarmaly däldir. Ata-babalarymyz: “Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli” diýip, bu hakykaty dile getiripdirler. Çünki ýalan, eýesini jemgyýetiň içinde utandyrar, masgara eder. Bir adamyň ýalançydygy bilinse, şondan soň onuň aýdan dogry sözlerine hem hiç kim ynanmaz. “Ýalan şaýatlyk”; bir kişi hakynda bilmedik, görmedik, eşitmedik bir meseledäki zady bilýändigini, görendigini we eşidendigini aýtmakdyr. Şeýle şaýatlyk, adamlaryň zyýan görmegine we birnäçe ynsan haklarynyň depelenmegine sebäp boljakdygy üçin dinimiz muny haram edipdir we uly günälerden hasaplapdyr. Biriniň hakynyň depelenmegine sebäp bolanyň üçin bir gün seňem hakyň depelenjekdigini unutmalyň! Ýalanyň we ýalan şaýatlygyň ahyretdäki jezasy gaty agyrdyr. Ýalan şaýatlygyň keffareti/ öwezi ýokdur. Toba etmek bilenem munuň soragyndan halas bolmak mümkin däldir. Çünki bu, bir gul hakydyr. Gul haky eden kişi ilki bilen onuň hakyny ödär, özündenem halallyk sorap göwnüni alar we gaýdyp şu zeýilli işleri etmejekdigine toba edip Alladan bagyşlanmagyny diländen soňra Onuň bagyşlamagyny umyt edip biler. Bir gün hezreti Pygamberimiz (S.A.W) sahabiler bilen otyrka şeýle diýdi: “Uly günäleriň iň ulusyny size habar bereýinmi?”Olaram: “Howwa eý Allanyň Resuly!” diýdiler. Munuň yzysüre hezreti Pygamberimiz (S.A.W): “Alla şirk (şäriklik) goşmak we ene – ata boýun bolmazlyk”diýenden soňra ýassanyp ýatan ýerinden dogrulyp oturdy we şeýle buýurdy: “Dykgat ediň, birem ýalan sözlemek we ýalan ýere şaýatlyk etmek (hem iň uly günälerdendir).”(Buhari, Şehadat)Bu soňky jümläni şeýle köp gaýtalady, bizem Pygamberimiziň mundan artyk gynanmagyna çydaman “käşgä dymsa” diýişdik. Pygamberimiz (S.A.W) bir hadysynda şaýatlyk etjek kişileriň bu babatda ünsli we dykgatly çemeleşmeklerine yşarat edip şeýle buýurýar: “Kim şaýatlyk etjek ýagdaýda bolmandygy halda bir musulmanyň garşysyna şaýatlyk etse, jähennemdäki ýerine taýýarlansyn.” (Ahmed, II, 509) Kazynyň çykarjak kararynda şaýatlaryň aýtjak sözleriniň ähmiýeti uludyr. Çünki kazy, delil we şaýatlaryň aýdan zatlaryny esas alar we toplan maglumatlarynyň esasynda höküm berer. Şaýatlar kazyny ýalan we ýalňyş maglumatlar bilen aldasalar, jogapkärçiligi (günäsi) kaza däl-de ýalançy şaýatlara düşer. Bu ýagdaý bir hadysy şerifde şeýle beýan edilýär: “Menem bir adamdyryn. Siz maňa dawa bilen gelýärsiňiz. Belki sizden biriňiz, delilini getirmekde beýlekisinden has başarnykly we dile çeper bolup biler. Menem diňlänime görä, ol kişiniň hasabyna höküm bererin. Kimiň hasabyna doganynyň hakyny alyp höküm beren bolsam, oňa jähennemden bir ýer taýýarladygymdyr.” (Buhari, Şehadat, 27, III, 162)