Türkmen topragy saglygy dikeltmek üçin ägirt uly mümkinçiligi özünde jemleýän hakyky melhemler mekanydyr. Dürli ýerleriň ylmy esasda öwrenilmegi, tebigy-howa aýratynlyklarnyň hem-de tebigy-bejeriş häsiýetlerniň netijeli ulanylmagy Türkmenistany sebitde we bütin dünýäde şypahana - bejeriş syýahatçylygynda öň hatarlara çykarýar. Milli liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan "Saglyk" Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli saglygy goraýyş we şypahana-sagaldyş ugurly edaralaryň döwrebap lykmançylyk ylmy-kliniki edaralaryň, saglyk merkezleriniň, şypahanalaryň we dynç alyş öýleriniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ulgam düýpli döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde täze mümkinçiliklere eýe boldy. Diňe soňky ýyllarda ýurdumyzda "Baýramaly", "Arçman", "Ýyly suw", "Farap" şypahanalary tanalmaz derejede ösdürildi. Täsin "Mollagara" şypahanasynyň durky täzelendi, Aşgabat şäherinde "Berzeňňi" şypahanasynyň täze binasy guruldy, ozal bar bolan binalar döwrebaplaşdyryldy. Şeýle-de 2014-nji ýylda Daşoguzdaky şypahananyň täze, döwrebap binalary ulanylmaga berildi. Bu ulgamda ýeriň şypa berijilik artykmaçlaryny ulanmak arkaly mineral suwlar, bejeriş mümkinçilikli palçyklar, suw bilen bekermek, suwa düşmek we beýleki hzymatlar ýola goýuldy. Biz pensioner raýatlar muňa çäksiz minnetdardyrys. Daşoguzly pensioner lukman, Aýna Ataýewa