Berkarar döwletimiziň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçýän döwründe önümçilik gatnaşyklarynyň düýpli derejede özgerdilmegi bilen halkyň islegini birkemsiz kanagatlandyrýan, hil taýdan ýokary bolann önümçiligiň harytlarynyň önümçiliginiň hem-de söwdasynyň amala aşyrylmagy, durmuş hyzmatlarynyň kemala getirilmegi we ösdürilmegi ýurdumyzda adam hakynda edilýän iň uly aladalaryň birine öwrüldi. Taryh üçin uly bolmadyk 26 ýyllyk gysga wagtyň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan sebitde Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde parahatçylyk döredijilikli we ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Nebit-gaz, ýangyç-energetika, ulag aragatnaşyk, oba-hojalyk telekommunikasiýa pudaklarynda, agrosenagat toplumlarynda medeniýet, saglygy goraýyş, bilim, sport, ulgamlarynda we beýleki ugurlarda gazanylýanm her bir üstünlik Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolunyň tapawutly aýratynlyklaryna öwrüldi. Önümçilik we durmuş maksatly desgalara ep-esli möçberdäki maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegi Bütindünýä bankynyň, Halkara walýuta gaznasynyň, şeýle-hem abraýly maliýe düzümleriniň bilermenleri tarapyndan ýokary baha mynasyp bolmaga biz telekeçileri has-da buýsandyrýar we guwandyrýar. Türkmenabatly telekeçi Bazar Baýjanow

Köneler, abatturkmen tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir