Hezreti Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem bir köýnek satyn almasy üçin Hezreti Alyny bazara iberipdi. Hezreti Aly bazara gidip, on iki dirheme bir köýnek satyn alyp geldi. Şonda Hezreti Pygamberimiz alaýhyssalam bilen Hezreti Alynyň arasynda şeýle gürrüňdeşlik geçdi Hezreti Pygamber: Bu köýnegi näçä aldyň? Hezreti Aly: On iki dirheme. Hezreti Pygamber: Bu köýnegi kän bir halamadym, mundan has arzanyny alasym gelýär. Satyjy muny yzyna almaga kaýyl bolarmyka? Hezreti Aly: Şeýlelikde köýnegi alyp täzeden bazara bardym we satyja Hezreti Pygamber alaýhyssalamyň arzuwyny ýetirdim. Satyjy muny kabul edip, on iki dirhemi yzyna berdi. Puly alyp Hezreti Pygamberiň ýanyna gaýdyp geldim. Bir köýnek almak üçin Hezreti Pygamber alaýhyssalam bilen bazara tarap ýola düşdük. Ýarty ýola baranymyzda Allanyň Pygamberiniň gözi aglap oturan bir gyrnaga düşdi. Rasulullah bu gyrnagyň ýanyna baryp: “Näme üçin aglaýarsyň?” diýip sorady. Ol gyrnak bolsa, “Hojaýynym elime dört dirhem berip, bir zatlar almagym üçin meni bazara iberdi. Ýöne men puly nädip ýitirenimi hem bilemok. Indi öýe gaýdyp barmaga gorkýaryn” diýdi. Şeýdip Rasululla bu on iki dirhemden dört dirhemini bu gyrnaga berip: “Isleýän zatlaryny alyp, öýe gaýdyp bar” diýdi. Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir