Garaşsyzlyk, hemişelik döwletimizde il günümiziň saglygyny goramak, ýaş nesli sagdyn ruhly we güýçli bedenli edip ýetişdirmek ugrunda köp ugurly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň islendik künjeginde her etrapdyr obalarynda sport mekdepleriniň, türgenleşik meýdançalaryň yzygiderli gurulyp ulanylmaga berilmegi muňa aýdyňlyk şaýatlyk edýär. Şeýle-de ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly saglyk ulgamynda hem alnyp barylýan işler, ýetilen we ýetiljek sepgitler buýsandyryjydyr. Ýagny, ýaňy ýakynda Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde üç gatly saglyk öýüniň şeýle-de maýyp adamlar we ilatyň durmuş goldawyna mätäç bolan beýleki toparlar üçin ähli şertleri göz öňünde tutulan 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurlyp ulanylmaga berilmeginiň özüde, il günümiziň sagdyn ýaşamaklary ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ugrunda alnyp barylýan beýik işleriň netijesinde sagaldyş ulgamynda degişli düzümleriň ösdürilmegi bolsa ýurdumyzda kemala gelýän doly derejeli saglyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir