بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz Hezreti Pygamberimiziň ahlagy barada bolar. Pygamberleriň iberliş maksady mukaddes kitabymyz bolan Kurany Kerimde şeýle nygtalýar: وَمَا نُرْسِلُ الْمُرْسَل۪ينَ اِلَّا مُبَشِّر۪ينَ وَمُنْذِر۪ينَۚ فَمَنْ اٰمَنَ وَاَصْلَحَ فَلَا خَوْفٌ عَلَيْهِمْ وَلَا هُمْ يَحْزَنُونَ وَالَّذ۪ينَ كَذَّبُوا بِاٰيَاتِنَا يَمَسُّهُمُ الْعَذَابُ بِمَا كَانُوا يَفْسُقُونَ “Biz pygamberleri gowulyklary buşlaýyjylar we azaplary duýduryjylar edip iberendiris. Iman getirip, özüni düzedenlere gorky ýokdur, olar gynanmazlar-da. Aýatlarymyzy inkär edenlere bolsa edýän pyssy-pyjurlyklary sebäpli azap ýolugar.” Şol sebäpli hem her bir kowum Allatagala tarapyndan özlerine iberilen Pygambere boýun bolmaly, ony özlerine görelde edinmelidirler. *Hojaýynlara hyzmatgärlerini öz iýip-içýän zatlaryndan naharlamalaryny ündärdi hat-da ölüm ýassygyna başyny goýanda-da: “Eliňiziň aşagyndaky hyzmatçylara we işgärlere gowy serediň, olaryň haklaryny iýmäň we namazyňyza berk boluň” diýip sargyt edipdi; *Hemişe saçagyň başyndan doly doýman, ýarym aç ýagdaýda turardy; *Tämizlige örän ähmiýet bererdi we ony berjaý ederdi; *Hususy işlerini özi ederdi; *Asla dünýä malyna göz dikmezdi. Hat-da öz ýanynda dünýä maly barada gürrüň edenlerinde: “Eşitmänmidiňiz, sada durmuş imandandyr” diýipdi. *Köplenç iýýäni arpa we hurmady, Allanyň huzuryna gowşanynda hem öýünde arpadan başga hiç bir iýmit ýokdy; *Hiç kimiň aýybyny ýüzüne urmazdy; *Örän adalatlydy; *Musulmanlary zähmet çekmäge, ylym öwrenmäge höweslendirerdi. *Elmydama hakykatyň tarapdarydy; *Zulum we süýthorlygyň duşmanydy; *Ynsanlaryň bähbidi üçin öz bähbidini terk ederdi; *Adamlara baýlygyna we mertebesine görä däl-de takwalygyna we ahlagyna görä baha bererdi; Hezreti Pygamberimiz alaýhyssalam ähli tarapdan hem görelde alarlyk kämil we ajaýyp ynsandyr. Çünki Allatagala ony iň kämil ahlagy tamamlamak üçin iberendir. Ahlaklylyk bolsa jennetlik adamlaryň sypatlaryndan biridir. Şol sebäpli hem her bir adam Hezreti Pygamberimizi ahlak-syraty, ýaşaýyş-durmuşy, emir-nesihatlary bilen doly tanamaklyga, ony öwrenmeklige, özüne görelde edinmeklige, emir we maslahatlaryny berjaý etmeklige borçludyr. Çünki onuň ahlagy Kurany Kerimiň ahlagydyr. Hezreti Aýşa enemizden özüne Resulallanyň ahlagy barada soranlarynda: “Siz Kuran okamaýarsyňyzmy?! Alla resulunyň ahlagy Kurandy” diýip jogap beripdi. Hezreti Pygamberimiz alaýhyssalam dünýäde dogrulygy we dogruçyllygy, amanada wepalylygy, asylly ahlak we häsiýeti, dürüslik we halallygy gazanmagy başaranyň, gazanyp bilmedik başga zatlary üçin gynanmazlygyny sargyt edipdir. Wagzymyzy Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemiň şu bereketli dogasy bilen tamamlalyň: “Eziz Allam! Hormat duýmaýan kalbdan Saňa sygynýan, makbul bolmaýan dogadan Saňa sygynýan, doýmak bilmeýän nebisden Saňa sygynýan, peýdasy bolmaýan ylymdan Saňa sygynýan, bu dört zatdan Saňa sygynýan!”

Köneler, Turkmengalaa tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir