Düýn öňňinlikde goňşymdan bir topar klip geçirip alypdym. Bu gün çaý başynda şolary görüp otyrkam Wepageldi Ýowbasarowyň "Ýagyş" aýdymyny diňledim. Örän şowly çykypdyr diýip hasapladym. Belki bu diýýän aýdymçymyz sizi hem gyzyklandyrsa gerek diýip onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildim. Wepaň telefon belgisini idedim we tapdym. Söhbetdeş bolduk. Wepa Ýowbasarow Daşaguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda 1991-nji ýylyň Maý aýynyň 5-ne Ýowbasarowlaryň maşgalasynda dünýä inýär. Çagalykdan aýdymçy bolmaga höwes bildiren ýaş aýdymçy sungat ýoluna 16 ýaşynda başlapdyr. "Toýlaryň bezegi bagşy" diýilşi ýaly Wepa ilki toýlarda halypa bagşylaryň görnükli söýgi we şowhunly aýdymlary bilen halka özüni aldyrýar. Sungata ymykly aralaşan Wepa indi özüniň hem aýdymlarny diňleýjilere "Türkmen Owazy" teleradioýaýlymdaky gepleşiklerde we dürli saýtlarda hödürlap başlady.Sözümiz gury bolmaz ýaly şu ýerde söhbe tdeşligmi hem ýetirýän. Wepa siz halk arasynda köplenç YhlasWepa diýip tanalýaňyz, aýdymçy bolmagňyza agaňyz Yhlasyň tagal lasy uly öýdýän... –Hawa. Aýdýan aýdymlarmyň hemmesini şoň bilen işleýän... Sungat çuň hem giň.O ny özbaşyňa girişmek ähli ynsana kyn düşýä şeýle ýagdaýda halypaň roly uly bolýa...Sizem şu hakda birki agyz aýdaýsaňyz. –Hawa dogry bellediňiz meňem şu aýdymçylyk kärime ele almakda ilkinji nobatda agamyň soňam halypam Mekan Nuryýewiň roly uly. Aýdymlarňyzyň sazyny sözüni özüňiz ýazýaňyzmy. –Sazyny halypam Mekan bilen özüm işleýän .Sözlerni etrabymyzdaky medeniýet öýüniň işgäri toý tamadaçy bolup toýlarda hyzmat edýän şahyr Döwran Smaýylow ýazýar. Döredijilik işgäeiniň zähmetine elbede halk baha berýä. Sizem aýdymlarňyzyň şowly çykmagy üç in gije gündiz zähmet çekýänsiňiz.Aýdymy taýýar edip heniz halka çykmanka ilki kime diňlesýäňiz.meselem dostlarňyza ýa maşgala agzalarňyza ýa halaşýan gyzyňyz badyr... –Dogy bellediňiz! Biziň ähli zähmetimeze diňleýjiler baha berýä. Meň pikrimçe adamyň iň ýakyn dosty ejelermikä diýýän(dostlarymam bar elbetde). Eje käýesede öwüt ündewda. Menem ilki aýdymymy ejeme diňledýän. Onsaň olam bildiginden maslahat berýä,kemçilik tapsa ony aýdýa, arzuwlarny aýdýa.Umuman ejemiz ýene öňe gitmäge goltgy berýä. Tüweleme.Siz aýdymçy bolmadyk bolsaňyz haýsy käri saýlardyňyz ?! –Aý menä şu kiçiligimden aýdymçylyga höwesli bolamsoň başga käri gözöňümede getirip bilemok... Wepa öz gymmatly wagtyňyzy sarp edip soraglarma jogap bereniňiz üçin köp sag boluň.Sungat äleminde ýenede öňegidişlikleri,şowlylyklar,üstünlikleri,zähmetiňiziň rehnedini görmegňizi arzuw edýän.Goý siziň aýdymlarňyz ýyllaryň süýji ýatlamasy bolup halkyň ýüreginde hem aňynda ebedi galsyn.Diňleýji hökmünde ýenede täze aýdymlarňyza garaşýas.Sag boluň! –Sizem sag boluň! Gürrüňdeş bolan Körpeje.

Köneler, Sunbule tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir