Ekerançylykdan döwlet tapan atalarymyzyň: “Ýer berseň akary bilen, mal berseň bakary bilen” diýen dana hikmetine uýýan babadaýhanlarymyz gyş paslynda oba hojalygyndaky möhüm işleri utgaşykly alyp barýarlar. Munuň şeýledigini Oguzhan etrabynyň “Deňizhan” daýhan birleşiginde iş sapary bilen bolanymyzda has aýdyň duýduk. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri ekleýjimiz ene topraga edýän halal hyzmatyndan döwlet tapýarlar. Ýer eýesine duşanda ol altyn-zer eçilýär. Ine, hojalygyň gallaçydyr pagtaçy, şugundyrçydyr bakjaçy kärendeçileri hem şu hakykatdan ugur alýarlar. Daýhan birleşigimiz boýunça galla hasyly üçin 985 gektar meýdanda daýhan zähmetinden ösüp, boý alýan ak ekinler kemala gelip, häzir ekinleriň ösüşi kadaly. Kärende ýerlerine yhlasly kärendeçileriň 114-siniň agzybirlikli zähmeti netijesinde ekin meýdanlaryna ýaraşyk berýän ýaşyl maýsalara agrotehniki talabalaýyk ideg edilýär. Daýhançylyk kärinden kemal tapan ýer eýelerimizden Begmuhammet Hanow, Meret Kadyrow, Baýmyrat Baýramow dagynyň 18-20 gektar kärende ýeri bolup, olar her gektaryň hasyllylygyny ýyl geçdigiçe artdyrýarlar. Ýokary hasylçy gallaçy kärendeçilerimiziň bu asylly ýörelgesi ýaş kärendeçilerimize görelde. Hojalygymyz boýunça ak bugdaýyň, pagtanyň, şugundyryň, gök we bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Nesip bolsa ýokary zähmet netijeleri bilen jemlenen. Gadamlary batly deňizhanly gallaçy kärendeçiler aňzakly gyş paslynyň häzirki amatly howa şertlerinde ekin içinde bolup, ýerden bol hasyl almagyň, oba hojalyk önümlerini bol öndürmegiň syrynyň halal zähmetde, agzybirlikde, işe döredijilikli çemeleşmekde jemlenendigine uýýarlar. Bolçulygyň çeşmesi bolan daýhan zähmeti rehnet üste rehnet eçilýär. Döwletimiz tarapyndan daýhana, ýer eýelerine berilýän hemaýat-goldawlara alkyş üste alkyş aýdýan gallaçy kärendeçiler önüm bolçulygyny döretmegi baş maksat edinýärler. —“Ýere eýesiniň gözi em, kişiniň gözi kem” diýilmesi ýöne ýere däl. Eýesi ekin içinde bolsa ýaşyl maýsalaryň ösüp, boý alşy-da üýtgeşik. Döküni, suwy, idegi ýetik ak ekinler gallaçylarymyzda ýeňişli sepgidi eýelemäge umyt-ynam döredýär. “Azapsyz ýeriň ady ýok” diýleni. Ykdysady görkezijileri barha oňatlaşýan daýhan birleşiginde möwsümleýin oba hojalyk işlerinde derwaýys bolan dürli tehnikalaryň 11-si bolup, kuwwatly tehnikalara erk edýän mehanizatorlar her bir işde gallaçylaryň goldawçysy, ýardamçysy. Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek ýeňiş, gazanylmajak üstünlik tapylmaz. Deňizhanly gallaçylar şu hakykata eýerip, “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmäge borçlanýarlar.

Köneler, Turkmengalaa tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir