Türkmençilikde “Ir turan işinden dynar”, “Giç ýat, ir tur, alty pişegi artyk ur” diýen ýaly pähimler häli-şindi ulanylýar. Munuň özi tötänden däl. Her bir işi öz wagtynda ýerine ýetiren utýar. Bu daýhançylykda aýratyn zerur zat. Muňa Türkmengala etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri oňat düşünýärler. Bu ýerde meýdan işleriniň ähli görnüşleri agrotehnikanyň talaplaryndan ugur alnyp ýerine ýetirilýär. Gallaçy kärendeçileriň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda alyp baran işleri öwgä mynasyp. Daýhan birleşigi boýunça bugdaý ekilip, hasyly ýygnalan atyzlaryň 165 gektaryna şugundyr, sekiz gektaryna kelem ekildi. şugundyrçylar 2217 tonnanyň ýerine 2443 tonna hasyl ýygnap, täze hasylyň düýbüni tutmaga girişdiler. Daýhan birleşigi boýunça pagta, däne, şugundyr, kelem we beýleki oba hojalyk önümlerini taýýarlamakda gowy netijeleriň gazanylýanlygy bu ýerde meýdan işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli taýýarlanylýanlygy bilen berk baglanyşykly. Häzirki wagtda oba adamlary täze hasylyň düýbüni tutmak işleri guramaçylykly alyp barýarlar. Täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmakda sürümiň hiline aýratyn üns berýäris. Her bir kärendeçiniň ýeri sürlende hünärmenler, ýer eýesi iş üstünde bolýar.

Köneler, Turkmengalaa tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir