12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanda ýatdan çykmajak waka boldy. Bitaraplyk parahat durmuşy, abadan ýaşaýşy, halklaryň dost-doganlygyny, agzybirligini aňladýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-sy tarapyndan 12-nji dekabr Türkmenistanyň Bitaraplyk güni diýlip bellenilmegi halkymyzyň Bitaraplyk derejesine bolan buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen 2015-nji ýylyň tomsunda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezelýusiýa kabul edilip, Türkmenistanyň Bitaraplygy ikinji gezek dünýäniň 193 döwleti tarapyndan doly goldanyldy. Ilkinji gezek bellenilýän Halkara Bitaraplyk baýramynyň öňisyrasynda mähriban Arkadagymyz ynsanperwerlik ýörelgelerini, adalatlylyk bilen adamkärçiligiň asyl nusgasyny görkezip, halk köpçüligini begendirdi. Raýatlyga kabul etmek, günä geçmek hakynda permana gol çekdi. Türkmenistanda ýaşaýan 1690 adama raýatlyga kabul etmäge rugsat berdi. Türkmenistanyň raýaty bolmak bagtyna eýe bolan adamlar, gör, nähili begendiler. “Jemgiýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatly hazynasy adamdyr” diýlen jümlelerde beýan edilşi ýaly ýurdumyzda adam hukuklarynyň dabaralanýandygyny subut etdi. Raýat bolmak uly bagt. Deňhukukly bolmak hem uly bagt. Döwletimizde geçirilýän saýlaw ulgamlaryna gatnaşmak hem uly bagt. Türkmenistanyň raýaty bolup, päk zähmet çekmek, watany goramak hem uly bagt. Goý raýatlyk alan ynsanlara ähli zatlaryň hözirini görmek nesip etsin. “Döwlet adam üçindir” diýen, Gahryman Arkadagymyzyň işleri rowaç alsyn! Hormatly Prezidentimize begenjimiziň çägi ýokdur. Sebäbi adalatlylyk, ynsanperwerlik beýik adamkärçilik ýörelgelerine eýerip, halkyna diňe ýagşylyk etmäge çalyşýar. Bendilikdäki adamlaryň günäsini geçmek barada hem permana gol çekdi. Ýurdymyzda demokratik özgertmeleriň bir ulgamy bolan ynsanperwerlik, adamkärçilik belende galýar. Azatlykdan mahrum bolan 650 adam öz etmişine puşman edip, hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyp, öz ojaklaryna baryp, öýlerine şatlyk paýladylar. Erkinlige çykan adamlaryň düzeljegine jenaýat işlerine baş goşmajagyna söz berişlerine il-günümiz ynanýar. Toba gelip puşman edip, ýagşylygy bilmek türkmene mahsusdyr. Il gününi begendirýän, halky barada uly aladalar edýän, agzybirligi saklaýan, asuda durmuşy peşgeç beren mähriban Arkadagymyzyň ömri uzak, işleri rowaç alsyn!!!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir